25-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen geçiren duşuşygynda işewür ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Duşuşykda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Innowasion häsiýetli, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň döredilmeginiň iň gowy dünýä gazananlarynyň hem-de ýokary tehnologiýaly işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna esaslanýandygy bellenildi.
Işewür Türkmenistanda netijeli işewürligi alyp barmak üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijidigini hem-de dürli maksatly desgalaryň, ulag düzüminiň gurluşygynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlaryna köpri gurmak ugrunda toplan tejribelerini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.