Alternatiw ýangyçly oulag satuwy ýokarlanýar

Elektrik energiýasyna degişli dürli maglumatlary taýýarlaýan “EV-Volumes” şereketiniň maglumatlaryna görä, şu ýylyň mart aýynda dünýäde elektroulag satuwy geçen ýylyň degişli döwründe 60 göterim ýokary bolupdyr.Bir aýyň dowamynda 851 müň 489 täze elektroulag müşderilere ýetirilipdir. Şu ýylyň dowamynda jemi 1,99 million elektroulag satylypdyr.

Deňeşdirmek üçin, geçen ýylyň dowamynda 6,5 million elektroulag satylypdyr.Elektroulag satuwynda “Tesla”, “Wuling Hong Guang”, BYD, “Volkswagen” we “Hyundai” ýaly kompaniýalaryň modelleri öňdeligi eýeleýär.

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda bolsa, ýylyň birinji çärýegine elektroulag satuwy 53,4 göterim artyp, 224 müň 145 bolupdyr. Şeýlelikde, umumy satylan ulaglaryň 10 göterimini elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getiripdir.

Degişli döwürde sebit ýurtlarynda satylan ulaglaryň 36 göterimi benzin, 25,1 göterimi gibrid, 16,8 göterimi dizel, 10 göterimi dolulygyna elektrik energiýasy, 8,9 göterimi zarýad berilýän gibrid (PHEV) 3 göterimi beýleki ýangyçlar we 0,2 göterimi gaz bilen işleýän ulaglardyr.

Bu maglumatlardan görnüşi ýaly, alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglaryň satuwy adaty ýangyçlar bolan benzin we dizel bilen işleýän ulaglaryň satuwyndan deňräk bolupdyr.

Üç aýyň dowamynda sebitde gibrid motorly ulaglaryň satuwy 5,3 göterim artyp, 563 müň 30, beýleki alternatiw ýangyçly ulaglaryň satuwy 48,6 göterim artyp, 67 müň 717 bolupdyr.

Tebigy gaz bilen işleýän ulaglardan 6 müň 289 sanysy satylypdyr. Benzin bilen işleýän ulaglar bolsa, 22,6 azalyp, 808 müň 39, dizel motorly ulag satuwy 33,2 göterim azalyp, 378 müň 9 we zarýad berilýän gibrid ulaglaryň satuwy 199 müň 107 bolupdyr. Şeýlelikde, elektrik energiýasy we dürli gibrid ulaglaryň bazardaky paýy 44 göterimini emele getirdi.

Bilermenleriň bellemeklerine görä, diňe elektroulaglaryň däl, beýleki alternatiw ýangyçly ulaglaryň satuwy hem güýçli depginler bilen ýokarlanmagyny dowam etdirer.

Serdar Garlyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy
8 millionynjy elektromobil we Tailandda rekord möhletde gurlan zawod
Elektroulagda Aziýa öňde
“Tesla”-nyň arzan ulag çykarjakdygy baradaky habar hytaý kompaniýalarynyň gymmatyny azaltdy
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar