Ispaniýanyň “Iberdrolla” kompaniýasy umumy önümçilik kuwwaty 1265 MW boljak ýel we Gün energiýa bekedine maýa goýmak üçin Norwegiýanyň pensiýa gaznasy bilen ylalaşdy.Ylalaşygyň çäklerinde durmuşa geçiriljek taslamanyň paýnamalarynyň 49 göterimi ony maliýeleşdirjek pensiýa gaznasyna degişli bolar.
Norwegiýanyň pensiýa gaznasy dünýäniň iň uly maliýe edaralarynyň biri bolup, ygtybarly halkara taslamalaryny durmuşa geçirmäge goldaw berýär.Gazna “Norges Bank Investment Management” tarapyndan dolandyrylýar.
Ýewropanyň güneşli ýurdy Ispaniýada guruljak bu desganyň elektrik önümçiliginiň 20 göterimi ýel diňleri, 80 göterimi Gün panelleri arkaly öndüriler. Desganyň 700 müňde gowrak hojalygy arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmegine garaşylýar. Şertnama laýyklykda 1,2 milliard ýewro özleşdiriler.
“Iberdrola” kompaniýasynyň häzirki wagtda Ispaniýadaky desgalarynyň önümçilik kuwwaty jemi 19 500 MW bolup, 2025-nji ýyla çenli ýene-de 4100 MW elektrik öndürjek desgalar gurlar.
Kakajan Sapargulyýew, Türkmenistanyň Telekommunkisiýalar we informatika institutynyň talyby.