Energiýanyň arassa çeşmelerden alynýan mukdary geçen ýyl rekord derejä ýetdi.Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa guramasynyň maglumatlaryna görä, “ýaşyl” energiýa häzirki wagtda dünýäniň energiýa zerurlygynyň üçden birini üpjün edýär.
Halkara gurama soňky on ýylda dünýäde “ýaşyl” energiýa üçin 3 trillion dollara golaý maýa goýum goýlupdyr.Gurama 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçirilmeli howanyň öňüni alyş maksatnamasyna ýetmek üçin arassa energiýa çeşmelerine goýulýan maýa goýumyň ýene-de iki esse köpeldilmelidigine ünsi çekýär.
Maglumatda Ýewropada we ABŞ-da kömür bilen işleýän elektrik beketleriň azalandygy aýdylýar. 2019-njy ýylda “ýaşyl” energiýanyň 55 göterimi Gün panellerinden alnypdyr.Bu ugurda Aziýa ýurtlary öňdeligi eýeläpdir.
Yklymda Hytaýyň, Hindistanyň, Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň we Wýetnamyň alternatiw energiýa çeşmelerine has köp maýa goýum goýýandygy mälim edilýär.ABŞ, Awstraliýa, Ispaniýa, Germaniýa we Ukraina alternatiw energiýanyň ösýän dünýäniň beýleki ýurtlary hökmünde agzalyp geçilýär. Ýelden alynýan energiýa hem arassa çeşmeleriň arasynda ikinji ýerde durýar (34%).
Bu ugurda Hytaý öňdeligi (204 müň MW) eýeleýär.ABŞ-nyň, Angliýanyň we Daniýanyň ýelden has köp peýdalanýandygy mälim edildi.Türkiýe, Indoneziýa we Keniýa geotermal, ýagny ýerasty gyzgyn suwdan alynýan energiýada öňe saýlanýar.