Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň täze bölümini diňleýärsiňiz. Şu gün türki halklaryň gelip çykyşynda we dessanlarynda mukaddes ýer hökmünde ýatlanyp geçilýän gadymy ata ýurdumyzyň goragçylary hökmünde häsýetlendirilýän Altaý türkleri, Altaý türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Altaý türkçesiniň üstünde durup geçmek isleýäris.
Altaý düşünjesi, türk taryhy we medeniýetinde hem geografiki, hem-de medeni taýdan aýratyn orun eýeleýär.Geografiki taýdan seredilende, Altaý sebiti türki halklaryň gelip çykyş rowaýatlarynda we dessanlarynda mukaddes ýer hökmünde ýatlanylýar, dil bilimi babatda bolsa türk, mongol we tunguz dilleriniň taryhy we medeni çatrygynda ýerleşýär. Şonuň üçin hem, agzalan dilleri birleşdirýän we umumy bir köki görkezýän Altaý dil teoriýasynada ylham beripdir.
Altaý düşünjesine medeni taýdan seredilende, türki dessanlar, aýdym-sazlar we halk edebiýaty ýygy-ýygydan Altaý düşünjesine salgylanýar.
Häzirki wagtda Altaý adyny etniki at hökmünde göterýän türki halklarynyň biri bolan Altaý türkleri Altaý daglarynda ýerleşen jülgelerde ýaşaýarlar we türkologiýa çeşmelerinde Altay-Kijiler, Telengitler, Teleütler, Çalkandular, Tubalar we Kumandylar ady bilen tanalýan taýpa-tirelerden ybaratdyr.
Paýtagty Gorno-Altaýsk şäheri bolan Sibir geografiýasynyň iň günortasynda ýerleşýän Altay Respublikasynyň ilaty 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky statistiki maglumatlara görä 210 800 adamdyr, emma Altaý türkleri agzalan ilatyň diňe 37.01 göterimini emele getirýär.
Altaý türkleri Altay Respublikasyndan daşary Altaý welaýatynda we Kemerowo welaýatynda ýaşaýarlar.
Altaý türkleriniň ýaşaýan ýerleriniň syýasy taryhy bu topraklaryň gadymy bir türk ýurdy bolandygyny görkezýär.Sebäbi biziň eramyzdan öňki taryha seredilende bu topraklar Sakalaryň we Hunlaryň hökümdarlygyna şaýat bolupdyr, biziň eramyzyň başlaryndan başlap bolsa Göktürk, Uýgur we Gyrgyz türkleriniň döwletleri bu topraklarda hökümdarlygyny dowam etdiripdir.
Sebit 15-nji asyrda Oýrot ýa-da rus taryhy çeşmelerinde geçýän görnüşi bilen Jungar döwletiniň häkimiýeti astyna geçipdir. 16-njy asyryň ikinji ýarymyndan soň Rus Patyşalygy Kazan we Sibir hanlyklaryny ele geçirip, Sibiriň içlerine tarap gidipdir we 17-nji asyrda Altaý türkleri bilen duşuşypdyr.
Netijede, 1625-1627 ýyllaryň aralygynda häzirki Altaý türklerini emele getirýän tire-taýpalaryndan Çalkandular, Tubalar we Kumandylar; 1756-njy ýylda bolsa Altaý-Kijiler, Telengitler, Teleütler ruslaryň häkimiýeti astyna geçipdir we şeýlelik bilen häzirki Altaý türkleriniň ýaşaýan sebitiniň ählisinde rus agalygy döwri başlapdyr.
Rus patyşalygyndan soň SSSR düzümine geçen ady agzalan sebit, häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň düzümindedir.
Altaý türkleri taryh boýunça dürli-dürli dinleriň we ynançlaryň täsiri astynda galypdyrlar, emma iň uzak döwür täsiri astynda galan din bolsa, Buddizm bolupdyr. Olaryň gepleýän dili, türk şiweleriniň geografiki we lingwistiki esaslara görä toparlandyrylmagynda Demirgazyk-gündogar ýa-da Sibir toparynyň düzümindedir we ol häzirki wagtda hem dil taýdan hem-de ýazuw taýdan barlygyny dowam etdirýär.
Altaý türkçesi esasan hem Altaý Respublikasynda, Altaý welaýatynda we Kemerowo welaýatynda gepleşilýän hem bolsa, diňe Altaý Respublikasynda rus dili bilen bilelikde resmi dil derejesine eýedir. Şol sebäpli agzalan serhetleriň çäklerinde bilim, metbugat we döwlet işlerinde ulanylyýar.
Emma rus diliniň resmi dil bolup durýan beýleki sebitlerde bolşy ýaly, Altaý Respublikasynda hem rus diliniň agdyklyk edýän ýagdaýyndan ugur alyp, Altaý türkçesiniň ulanylşy çäkli we köplenç ikinji dil derejesinde galýar.
Altaý türkleriniň Oýrot ýa-da Jungarlaryň häkimiýeti astynda bolan 17-nji asyryň başlaryndan 20-nji asyryň ortalaryna çenli alym we mugallym Zaýa-Pandita Oktorgiunyň Dalaý tarapyndan döredilendigi kabul edilýän mongol elipbiýi esasynda "todo-biçik, todo üzük, todrha üzük" we "üzük biçik" ýaly dürli atlar bilen tanalýan bir elipbiýi ulanandyklary mälimdir.
Hatda 18-nji asyrda Jungar hanlygy dargaýança çenli bolan bu wagt aralygynda bu elipbiýiň häzirki Altaý türklerini emele getirýän tirelerden Altaý-Kijiler, Telengitler we Teleütler arasynda giňden ulanylandygy, 1940-njy ýyllara çenli bolsa bu elipbiýi ulanyp bilýänleriň bolandygy dürli ylmy işlerde beýan edilipdir.
Altay türkleri 1922-nji ýyldan bäri Kril elipbiýi esasynda taýýarlanylan Altaý elipbiýini ulanýarlar.Bu ýazuw dili hem 1948-nji ýyla çenli "Oýratça" diýlip atlandyrylypdyr.