Google kompaniýasy degişli bolan Alphabet amerikan korporasiýasynyň arassa girdejisi ikinji çärýekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,5 mlrd dollar azaldy. Muňa kompaniýanyň sişenbe güni çap edilen maliýe hasabatynda maglumatlar şaýatlyk edýär diýip, TASS ýazýar.
30-njy iýunda tamamlanan üç aýyň jemi boýunça Alphabet-iň arassa girdejisi 16,002 mlrd dollar boldy, şonuň bilen birlikde geçen ýylyň degişli döwründe kompaniýanyň arassa girdejisi 18,525 mlrd dollar bolupdy.
Geçen üç aýyň içinde kompaniýanyň umumy düşewündi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6% ýokarlanyp, 69,685 mlrd dollar boldy. Şeýle-de bolsa, The Wall Street Jounal neşiriniň bellemegine görä, kompaniýanyň ösüşiniň depgini pandemiýanyň başyndaky görkezijileriň derejesine çenli haýallady, ýogsam Alphabet-iň düzümi geçen ýyl 30 müň adam artypdy.
Häzirki wagtda kompaniýada 174 müňden gowrak adam işleýär.