Alpha Home abatlaýyş işlerini geçirmekde 30% çenli arzanladyş yglan edýär

Alpha Home abatlaýyş işlerini geçirmekde 30% çenli arzanladyş yglan edýär

Alpha Home dizaýn studiýasy otaglarda abatlaýyş işlerini geçirmek hyzmatyna 30% çenli arzanladyş yglan edýär. Arzanladyş 15-nji awgusta çenli dowam eder.

Alpha Home studiýasynyň tejribeli ussalary islendik çylşyrymlylygy bolan abatlaýyş işlerini geçirip bilerler. Ähli işler öňdebaryjy öndürijileriň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri peýdalanylyp alnyp barylýar. Şeýle hem Alpha Home studiýasynyň wekilleri zerur bolan gurluşyk serişdeleriniň sanawyny düzmäge we satyn almaga ýardam ederler. Otaglaryň dizaýneriniň öýe tölegsiz gelip görmegini hem guramak mümkindir.

Ýatlatsak, Alpha Home sargyt edijiniň ähli isleglerini, mümkinçiliklerini we otagyň niýetlenilişini göz öňünde tutup, dizaýn taslamasynyň deslapky 3D şekilini görkezmek arkaly ýaşaýyş jaýlarynyň, öýleriň we iş otaglarynyň içki dizaýny boýunça sargytlary kabul edýär.

Alpha Home studiýasynda abatlaýyş we dizaýn işlerini sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow köç., 186, Bereket binasy, girelge howludan.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81, (+993 12) 12 12 91.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Alpha Home taslamanyň deslapky 3D wizuallaşdyrmasy bilen otagyň dizaýny boýunça hyzmatlaryny hödürleýär
Alpha Home dizaýn studiýasy sargyt esasynda ýarym ýyl garaşaryna islendik mebel görnüşini taýýarlaýar
Alpha Home dizaýn studiýasy dizaýner wezipesine boş iş ornuny yglan edýär
Alpha Home studiýasy ofis otaglarynyň durkuny täzelemek we dizaýn işleri boýunça hyzmatlaryny hödürleýär
Alpha Home otaglary abatlamagyň we dizaýn etmegiň ähli görnüşlerini hödürleýär
Alpha Home studiýasy boş iş orunlaryny yglan edýär