Alp Arslan adyndaky drama teatrynyň Çandunyň başdan geçirenleri“ oýnuna tomaşa eden oglanjyklaryň köpüsiniň, belki, Täze ýylda onuň baş gahrymanyna meňzäsi geler. Çünki hindi halk ertekisiniň gahrymany Çanduda iň gowy adamkärçilik sypatlary bar.
Jeňňelikde ogra bar ýygnanjasyny aldyryp, hasarata düşen garryny Çandu: Ine, şu paltam bilen seniň ýitiren zatlaryň öwezini artygy bilen dolar ýaly odun ýygaryn“—diýip köeşdirýär. Ýöne paltasy onuň elinden sypy, köle gaçýar. Çandu köl Ruhuna: Paltamy gaýtaryp bermeseň, neneň özümi ekläýin, bu garra nädip kömek edeýin?“—diýip ýalbarýar.
Köp elli Ruh suwdan altyn aplta çykaryp, Çandu uzadýar. Ol: Bu meniňki däl! Men tylla palta bilen nädip agaç çaparyn?“—diýýär. Köl Ruhy Çandu öz paltasyny berse-de, altyn paltany yzyna almaýar. Ruh oňa : Bu saňa üç başly guşa garşy söweşeňde gerek bolar“—diýýär.
Obada altyn palta barada eşidenlerinden oňa eýe çykjak köpelýär. Muny duýan Çandu ony Puşta atly gyzyňkyda bilinmez ýaly edip gizleýär. Hamala, tylla palta ýitenden bolup, Çandu garrynyň puluny kimiň ogrudygyny bilýär, ony uly il bambuk taýagy bilen ýençýär. Ýöne Çandunyň özem tylla paltany gizländigi üçin zyndana atylýar...
Oba üç kelleli guş howp salmadyk bolsa, soňunyň näme boljagy belli däldi. Elhenç tupan turup, daş-töwerek tümlüge bürelýär, adamlar elewräp nirä urunjagyny bilmeýär. Diňe maýmynjyk, goja hem Puşta aljyramaýarlar, olar Çanduny türmeden çykaryp, oňa jadyly altyn paltany berýärler. Çandu nägehan bilen köp darkaşýar, söweşde ýagşy ýamandan üstün çykýar. Çandu obanyň halkyny bu beladan goraýar.
--Päk göwün, zähmetsöýer, batyr hindi oglanjygy hakdaky erteki ýetginjeklere niýetlenen,---diýip, oýny goýan režisýor Gözel Çommyýewa gürrüň berýär.—Bir wagtlar ony Türkmenistanyň halk artisti Baýram Seýdullaýew Ýaş tomaşaçylar teatrynda sahnalaşdyrypdy, oýun tomaşaçylaryň söýgüsini gazanypdy. Indi çagalaryň täze nesli kemala geldi, onsoň biz olary Gündogaryň nusgawy edebiýaty bilen tanyşdyraly diýdik.
Baýram Seýdullaýewiň goýan oýnunda men Çandunyň keşbini janlandyrypdym. Bu bir tarapdan, işime kömek etdi, men köp zada baş gahrymanyň nazaryndan garadym, ikinjiden, päsgel berýärdi. Men halypamyň režisýorlyk tilsimlerini gaýtalamakdan çekinýärdim, döredijilik toparymyz bolsa, belli eseri täzeçe beýan etmek isleýärdi.
Dogrudanam, oýun häzirki döwrüň çagalarynyň islegine laýyk döwrebap boldy. Oýun goýujy nakgaşlar Batyr Bekmyradow bilen Mekan Annamyradow sahnada şahalry ýaýbaň palmaly, bambukly jeňňeli we bezeg şarlary ýaly bolup baglardan sallanşyp duran lianalary ussatlarça çekipdirler. Gahrymanlaryň egin-eşikleri hindileriň özboluşlylygyny nygtaýardy.
Kompozitor Mämmet Hydyrow oýnuň saz bezeginde hindi halk sazlaryndan ýerlikli peýdalanypdyr.
Hindistany tanssyz göz öňüne getirip bolýarmy näme! Hindi tans sungatynyň inçe syrlaryny öwrenen artist Gülaýym Annameňliýewa bu gezek tanslary goýdy. Onuň tagallasy bilen oýna gatnaşanlaryň ählisi özboluşly tans dilini özleşdirdiler.
Çandunyň keşbini Wepa Hommatberdiýew döredipdir, onuň gahrymany sadadan göwnaçyk oglan. Owadan hem batyr Puştanyň keşbini Jennet Horasanlyýewa döretdi. Gojanyň keşbini bolsa ýaş artist Ýeňiş Hazarow janlandyrdy. Köp elli köl Ruhy suw üstünden al-asamana galýan kölege görnüşinde çekillendirilip, tomaşaçylary haýran edýär.
Alp ARSLAN adyndaky teatrda ilkinji görkezişleri şowly geçen Çandunyň başdan geçirenleri“ oýny bu hindi halk ertekisi entek-entekler sahnadan düşmez diýip umyt baglamaga mümkinçilik berýär.