Tennis boýunça möwsümiň 3-nji “Uly tuwalga” ýaryşy tamamlanyp, erkekleriň arasynda çempion üýtgemedi.Londondaky merkezi kortda geçirilen finalda ispaniýaly Karlos Alkaras çempionlygyny goramagy başardy.Ol finalda serbiýaly Nowak Jokowiçi 3 setde ýeňlişe sezewar etdi.
Alkarasa 1-nji we 2-nji setlerde ýeňiş gazanmak kyn düşmedi. 6:2 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Alkaras 3-nji setde üstün çykmak ýeňil düşmedi. 10-njy oýunda iň soňky utugy ençeme synanyşykda alyp bilmän, netijede set 6:6 boldy we taý brekde 7:4 üstün çykyp, seti 7:6 öňde tamamlady. Şeýlelikde, 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan Alkaras bassyr 2-nji gezek Wimbledon”-da ýeňiji boldy.
Ol geçen ýylam Jokowiçi 5 setde 3:2 hasabynda utupdy.Bu çempionlyk Alkarasyň “Uly tuwalgalardaky” 4-nji çempionlygydyr.Ol 35 gün öň “Fransiýa Açykda”, 2022-nji ýylda-da “Amerika Açykda” çempionlyk gazanypdy.
21 ýaşyndaky Alkaras “Fransiýa Açykdan” soň “Wimbledony” gazanan iň ýaş tennisçi, umumylykda-da 6 tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Bu onuň karýerasyndaky 15-nji ATP çempionlygydyr.
“Wimbledon”-da Jokowiçe 25-nji “Uly tuwalga” kubogyny gazanmak miýesser etmedi. 37-nji finalynda 13-nji gezek ýeňlişse sezewar boldy. Şeýle-de, ol “Wimbledonda”-da 10-njy gezek finalda oýnap, 3-nji sapar utuldy. Bu ýaryşda 7 çempionlygy bolan Nowak Jokowiç rekordy Rojer Federer bilen paýlaşyp, öz adyna geçirmek mümkinçiliginden bassyr 2-nji gezek peýdalanyp bilmedi.