Duşuşykda söz sözlän Aliýew, Eýran bilen Azerbaýcanyň arasyndaky söwda mukdarynyň artýandygyny, pandemiýa garamazdan şertleriň kadaly dowam edýändigini aýtdy.
Aliýew ähli ugurlarda uly ösüşleriň edilýändigini, Azerbaýcan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhdaky in ýokary derejä eýedigini nygtady.
Daglyk Garabag söweşinden soň sebitde täze şertleriň ýüze çykandygyny ýatladan Aliýew: “Elbetde iki doganyk ýurt-Azerbaýjan bilen Eýran- ähli sebit ýurtlarynyň bähbidi üçin bilelikde tagalla etmeli hem-de sebitde uzak möhletli we durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagyna goşant goşmaly. Eýranyň hökümetiň hem birmeňzeş garaýyşa eýedigine doly ynanýaryn” diýdi.
Zarif bolsa, Eýran bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýeten derejesinden hoşaldyklaryny beýan etdi.