Aliýew we Şols telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Aliýew we Şols telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Azerbaýjanyň Prezident Diwanyndan berilen beýanata görä, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Prezident Ilham Aliýewe jaň edip, sebitleýin meseleler barada pikir alyşdy.

Olaf Şols Germaniýa hökmünde sebitdäki ýurtlaryň territorial bütewiliklerine we özbaşdaklyklaryna goldaw berýändiklerini habar berdi.

Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel tarapyndan alynyp barylýan Brýussel tapgyryny hem goldaýandyklaryny aýdan Olaf Şols, sebite BMG missiýasy tarapyndan amala aşyrylan sapara hem oňyn garaýandyklaryny mälim etdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bolsa Azerbaýjanyň sebitleýin parahatçylyk gün tertibine ygrarlydyklaryny belledi we Brýussel tapgyryny goldaýandyklaryny beýan etdi.

BMG missiýasynyň sebite sapar gurandygyny aýdan Aliýew, missiýanyň asuda ilata we raýat infrastrukturasyna hiç hili zyýanyň ýetirilmändigi barada beýannama çap edendigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer
Antonio Kosta ÝB Geňeşiniň Başlyklygyna Saýlandy
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Dünýä ýurtlary Gazada hassahana guralan hüjümi ýazgardylar
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
4 Ýurt Russiýa we Belarus Bilen Goranyş Zolagynyň Gurulmagyny Talap Etdi
Stoltenberg Gruziýanyň NATO we ÝB-ne Agzalygyny Goldaýar