Aliýew we Paşinýan 4-nji gezek özara duşuşyk geçirerler

Aliýew we Paşinýan 4-nji gezek özara duşuşyk geçirerler

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen Üçtaraplaýyn maslahat geçirmek üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde özara duşuşyk geçirerler.

Ermenistanyň Premýer ministrlik ofisinden berilen beýannama görä, Aliýew, Paşinýan we Mişel 31-nji awgustda Brýusselde duşuşyk geçirerler.

Aliýew we Paşinýan ozal hem Mişeliň araçylyk etmeginde 2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda, 2022-nji ýylyň 30-njy martynda we 22-nji maýynda Brýusselde duşuşyk geçiripdiler.

Aliýew we Paşinýanyň geçirjek duşuşygyndan 1 gün ozal bolsa Wise-premýerleriň ýolbaşçylyk etmeginde serhet kesgitleme komissiýasynyň maslahaty geçiriler.

Ermenistanyň hökümetinden berilen beýannama görä Azerbaýjanyň Wise-premýeri Şahin Mustafaýewiň bilen Ermenistanyň Wise-premýeri Mher Grigorýanyň ýolbaşçylyk etmeklerindäki komissiýa 30-njy awgustda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde maslahat geçirerler.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar
Aliýew Bilen Paşinýan Brýusselde Duşuşarlar
Aliýew Bilen Paşinýan Ispaniýada Duşuşar
Erdogan, Stoltenberg we Kristersson Üçtaraplaýyn maslahat geçirýärler
Putin Bakuwda Prezident Aliýew Bilen Duşuşdy
Türkmen wekiliýeti deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar