Aliýew Türk Serkerdelerini Kabul Etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar bilen birlikde Türk ýaragly güýçleriniň serkerdelerini kabul etdi.

Ministr Akar, paýtagt Bakuda Prezident köşgünde bolan kabul edilşikde, Türki dünýäniň tanymal lideri Haýdar Aliýewiň “Bir millet iki döwlet” şygaryna laýyklykda iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmak bilen dowam edýändigini nygtady.

30 ýyllyk basyp alyşlygy 44 gün dowam eden Watançylyk söweşi bilen ortadan aýyran Azerbaýjanyň Ýeňiş güni bilen gutlan Akar, “Azerbaýjanyň goşuny 44 gün dowam eden Watançylyk söweşi bilen basyp alyşlyk astyndaky topraklaryny halas etdi. Gazanan ýeňişi bilen türküň güýjüni bütin dünýä görkezdi” diýdi.

Başdan geçirilýän soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýdan Akar “Azerbaýjanly doganlarymyz bilen edýän hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirýäris” diýdi.

Ermenistanyň, Azerbaýjan bilen Türkiýäniň birlikde uzadan parahatçylyk elini tutmalydygyny aýdan Akar, uzadylan parahatçylyk eliniň sebitiň we Kawkazyň parahatçylygy we durnuklylygy taýdan möhümdigini belledi.

Milli Goranmak ministri Akar soň bolsa Azerbaýjanly kärdeşi goşun generaly Zakir Hasanow bilen duşuşdy.

Özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama beren Hulusi Akar, iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejede dowam edýändigini belledi.

Akar “Türkiýe hökmünde şu günkü güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem Azerbaýjanly doganlarymyza goldaw bermäge dowam ederis. Biz jan Azerbaýjan bilen egin egine hereket ederis. Azerbaýjan ýalňyz däldir” diýdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow hem, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň goranmak ministrlikleriniň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň pugtalanmak bilen dowam edýändigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä gynanç ýüzlenmeleri gelip gowuşýar
Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak Ministrleri Karsa Geldiler
Milli Goranmak Ministri Akar, Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkiyäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak ministrleriniň maslahaty başlady
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak Ministrleri Kaýseride Duşuşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny