Aliýew Şuşada Nowruz Odyny Ýakdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Garabagyň simwollaryndan biri bolan Şuşa şäherinde Nowruz odyny ýakdy.

Aliýew, aýaly Mihriban Aliýewa we gyzy Leýla Aliýewa bilen birlikde Şuşanyň günortasynda Nowruz odyny ýakandan soň halka ýüzlenip çykyş etdi.

Birnäçe ýyl ozal hökmany suratda Garabagda Nowruz baýramyny belläp geçjekdiklerini aýdandygyny ýatladan Aliýew “Inha şol gün gelip ýetdi. Şu gün Nowruz baýramyny ýurdumyzyň medeniýet paýtagty Şuşada belläp geçýäris. Bu taryhy we buýsandyryjy waka. Alla Azerbaýjanyň halkynyň eden doga dileglerini kabul etdi” diýip belledi.

Topraklaryny gan döküp yzyna alandyklaryny nygtan Prezident Aliýew, şehitleri uly hormat bilen hatyralaýandyklaryny belledi.

Ermenileriň basyp alyşlyk ýyllarynda Azerbaýjanyň şäherlerini we obalaryny ýakyp ýykandyklaryny we talandyklaryny aýdan Aliýew, Şuşa bilen birlikde basyp alyşlykdan halas edilen ähli obalaryň we şäherleriň ýaňadandan dikeldiljekdigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

“Ermenistan Eden Etmişleri Üçin Ötünç Soramaly”
Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Ýeňiş Gününi Gutlady
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Azerbaýjan, Garabagyň Gaýtadan Dikeldilmegi Üçin 12,9 Milliard Dollar Sarp Etdi
Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Ermenistanyň, ABŞ-nyň we ÝB-niň Arasynda Geçiriljek Maslahat Tarapsyz Çemeleşmesine Zyýan Ýetirer
Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi