Aliýew Pakistanyň ykdysadyýetine 2 milliard dollar maýa goýmakçydygyny habar berdi

Aliýew Pakistanyň ykdysadyýetine 2 milliard dollar maýa goýmakçydygyny habar berdi

Azerbaýjan Pakistanyň ykdysadyýetine 2 mlrd dollar töweregi maýa goýmakçy. Bu barada ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew Pakistanyň hökümet başlygy Şahbaz Şarif bilen Yslamabatda gepleşiklerden soňra metbugat beýanatynda habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Aliýew energetika, aragatnaşyk, infrastruktura hem-de goranmak senagatynda birnäçe taslamalara garandyklaryny aýtdy diýlip, habarda bellenýär.

Azerbaýjanyň döwlet Baştutany hepdäniň penşenbe güni Pakistana döwlet sapary bilen bardy. Saparyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada resminamalaryň 15-sine gol çekildi.

Taraplar şeýle-de Baku bilen Yslamabadyň arasynda dostlaşan şäherler hökmünde gatnaşyklary ýola goýmak barada resminama gol çekdiler.

Şu gün Prezident Ilham Aliýewiň Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen gepleşikleri meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Şahbaz Şarif Türkiýe Bilen Söwda Gatnaşyklarynyň Ösdürişmegi Üçin Çagyryş Etdi
Pakistan Russiýadan taryhda ilkinji gezek nebit satyn aldy
Şuşada iýulda Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçer
Azerbaýjanyň Prezidenti parlamenti ýatyrdy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady