Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Bolu Kaltalkaýa liža merkezinde myhmanhanamada bolan ýangynda ýogalanlar üçin Prezident R. T. Erdogana gynanç bildirdi.
Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannama görä, Aliýew ýüzlenmesinde “Ýangynda köp sanly adamyň ýogalmagy bizi çuňňur gynandyrdy. Ýangyn sebäpli uly gynanç bildirýäris. Öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan size, ýangynda ýogalanlaryň hossarlaryna doganlyk türk halkyna uly duýgudaşlyk bildirýärin we ýaralananlara şypa dileýärin” diýdi.