Aliýew ilkinji gezek Prezidentlige saýlanmagynyň 20-nji ýylynda 19-njy sentýabrda geçirilen antiterror operasiýasy bilen Azerbaýjanyň goşunlarynyň gözegçiligine alynan sebitlere baryp gördi.
İlki Serseng bendine we Agdere şäherine baran Aliýew, şol ýerlerde Azerbaýjanyň baýragyny diňe çekdi.
Aliýew Hankendi şäherine baryp, ol ýerde-de Azerbaýjanyň baýragyny asdy we çykyş etdi.
Hankendi Garabagdaky basybalyjy dolanşyk tarapyndan “paýtagt” yglan edilipdi.
Aliýew 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda ermeni goşunlary tarapyndan 613 raýatyň gyrylan Hojaly şäherçesine, soň bolsa Askeran etrapçasyna bardy.
Prezident Aliýew 1-nji Garabag söweşinden oň azerbaýjanlylaryň ýaşan Şuşa şäheriniň Malybeýli obasy bilen Hankendiniň Kerkijahan etrapçasyna hem baryp gördi.
Azerbaýjanyň goşunlary 19-njy sentýabrda Garabagda konstitutsion ulgamy dikeltmek maksady bilen antiterror operasiýasyny başladypdy.
Garabagdaky bikanun ermeni ýaragly güýçleri 24 sagat dowam eden operasiýadan soň ýaraglaryny taşlapdy.
Sebitde basybaşyjy dolanşyk düzgünini döreden ermeniler, dolanşygy bes edendigini habar beripdi. Tolama dolanşygyň ozalky ýolbaşçylary saklanyp, paýtagt Bakuwa getirilipdi.
Prezident Aliýew antiterror operasiýasyndan soň ýurduň özygtyýarlylygynyň doly ýola goýulandygyny beýan edipdi.