Aliýew Fransiýa Reaksiýa Bildirdi

Aliýew Fransiýa Reaksiýa Bildirdi

Aliýew paýtagt Bakuwda geçirilen “Täze kolonializm: Adam hukuklarynyň basgylanmagy we adalatsyzlyk” temaly halkara maslahata gatnaşyjylara ýüzlenme ugratdy.

Ýüzlenmesinde Azerbaýjanyň döwrebap dünýäde kolonializmiň dowam etmeginden we täze görnüşleriniň ýüze çykmagyndan biynjalykdygyna ünsi çeken Aliýew, kolonializmi dowam etdirýän ýurtlardan birinin Fransiýadygyny nygtady.

Ilham Aliýew 20-nji asyrda Polineziýada 200, Alžirde bolsa 17 ýadro synagyny geçirendigini, olaryň täsirleriniň şol sebitlerde şu günki günde-de duýulýandygyny beýan etdi.

Aliýew: “Ýadro synaglaryň şol sebitlere ýetiren zeperi kesgitlenmeli we Fransiýa jerime tölemeli” diýdi.

Fransianyň 132 ýyl dowam eden basybalyşynda Alžirde 1,5 milliondan gowrak adamyň pida bolandygyna ünsi çeken Aliýew, Marokko, Tunis, Mali, Jibuti, Nigeriýa, Çad, Senegal, Komorlar, Wiýetnam we Haiti ýaly ýurtlardan şu günki günde-de fransuz kolonializminiň agyr täsirleriniň duýulýandygyny nygtady.

Ruanda gyrgynçylygynda-da Fransiýanyň jogapkärdigini beýan eden Azerbaýjanyň Prezidenti; “İkiýüzli we iki strandarly syýasat alyp barýan fransiýa, özüni sebitimizdäki milli azlyklaryn goragçysy hökmünde görkezmäge çalyşýar. Fransiýada rasizmiň we yslam duşmançylygynyň hem ýaýraýandygyny görýäris. Şeýle biynjalyk ediji we howply akymlara garşy göreşmekden jogapkär bolan fransuz resmileri, başga ýurtlara akyl bermäge we olaryň içerki işlerine goşulyşmaga çalyşýarlar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň we Ysraýylyň Goranmak Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Rus Goşunlary Kiýewden we Çernygewden Çekilmäge Dowam Edýär
Britaniýa Lawrowuň Öweý Gyzy Bilen 65 Rus Işewürine we Firmasyna Sanksiýa Goýdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy