NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Günorta Kawkaza saparynyň ilkinji duralgasy Azerbaýjanda Prezident İlham Aliýew bilen duşuşdy.
Aliýew duşuşykda NATO bilen gatnaşyklarynyň 30 ýyllyk geçmişiniň bardygyny, Azerbaýjanyň parahatçylyk güýjüniň Kosowada we Owganystanda iş alyp barandygyny, onuň özleri üçin uly tejribe bolandygyny aýtdy.
Azerbaýjanyň terroritoriýasynyň uzak ýyllaryň dowamynda Ermensitan tarapyndan basylyp alynmagy, 2-nji Garabag söweşi we 2023-nji ýylyň Antiterror operasiýasy hakynda durup geçen Aliýew; “Azerbaýjan öz territorial bitewiligini we özygtyýarlylygyny özi ýola goýdy. OL, uzak dowam eden çaknyşyklaryň nähili çözüljekdigine aýdyň mysal. Çaknyşyk harby we syýasy ýollar bilen çözüldi. Biz, BMG-niň konwensiýasynyň çäkinde kanuny goranyş hukugymyzdan peýdalandyk” diýdi.
Aliýew Ermensitan bilen ýaraşyk gepleşikleriniň dowam edýandigini nygtap; “Parahatçylyga iňňän ýakyn nokada geldik” diýdi.
Stoltenberg bolsa Ermensitan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky parahatçylyk tapgyry hakynda; “Parahatçylygk hakyndaky sözlerinize kanagatlanma bildirýärin. Durnukly parahatçylygy gazanmak üçin bu şertlerden peýdalanmagyňyzy goldaýaryn” diýdi.