Aliýew Bilen Paşinýan Ispaniýada Duşuşar

Aliýew Bilen Paşinýan Ispaniýada Duşuşar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň 5-nji oktýabrda Ispaniýanyň Granada şäherinde duşuşmagyna garaşylýar.

ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçysy Ispaniýanyň ýer eýeçiliginde Granada şäherinde geçiriljek Ýewropanyň syýasy bileleşiginiň 3-nji maslahatynyň gün tertibinde Azerbaýjan-Ermenistan meselesi esasy orun eýelär.

Ispaniýa tarapyndan berlen beýannama görä, Aliýew-Paşinýan duşuşygyna ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişeliň, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň we Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Beýannamada, ÝB-niň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky kynçylyklaryň çözülmeginde “töwellaçy” bolmak islemeýändigini, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda diňe ygyziderli parahatçylygyň ýola goýulmagyny höweslendirmek isleýändigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar
Aliýew Bilen Paşinýan Brýusselde Duşuşarlar
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Putin Bakuwda Prezident Aliýew Bilen Duşuşdy
Türkmen wekiliýeti deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar