Prezident R. T. Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, kärdeşi Aliýewi Azerbaýjanda geçirlen parlament saýlawynda ýolbaşçylygyndaky Täze Azerbaýjan partiýasynyň gazanan üstünligi bilen gutlady.
Saýlawyň netijeleriniň doganlyk ýurt azerbaýjanyň halkynyň, Aliýewiň we partiýasynyň alyp barýan işlerine uly ynam bildirýändigini görkezýändigine ünsi çeken Erdogan, saýlawyň demokratik we asuda ýagdaýda geçirilmeginden hoşaldyklaryny nygtady.
Prezident Erdogan, saýlawyň 30 ýyl soň ilkinji gezek basyp alyşlykdan halas edilen sebitler bilen birlikde Azerbaýjanyň doly özygtyýarly territoriasynda geçirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Azerbaýjanda 1-nji sentýabrda geçirlen parlament saýlawynda häkimiýetiň başyndaky Täze Azerbaýjan partiýasy partlamentde esasy köplüge eýe bolupdy.