Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Füzuli, Zengilan, Laçyn we Jebraýyl welaýatlaryna bardy.
Öz ulagy bilen ermeni basyp alyşlygyndan halas edilen Füzuli, Zengilan, Laçyn we Jebraýyl welaýatlaryna baryp gören Prezident Aliýew, ýolda ýykylan, haraba öwrülen ýerleri görkezdi.
Halas edilen ýerlerde dikeldiş etabynyň başlandygyny aýdan Aliýew, Zengilanyň Agaly obasynda ilkinji “akylly oba” taslamasyny başlatjakdyklaryny nygtady.
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Gülebirt obasyna hem bardy. Aliýew oba Azerbaýjanyň baýdagyny asdy.
Ilham Aliýew, ermenileriň basyp alyşlygy döwründäki ýykylşygy “wagşylyk” hökmünde häsiýetlendirip, “Duşman eden jenaýatlary sebäpli halkara derejesinde jerimesini çeker” diýdi.