Alihan Smailow Gazagystanyň täze premýer-ministri wezipesine saýlandy

Alihan Smailow Gazagystanyň täze premýer-ministri wezipesine saýlandy

Alihan Smailow Gazagystanyň täze premýer-ministri wezipesine saýlandy. Onuň dalaşgärligini sişenbe güni Parlamentiň Mejlisine Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew girizdi. Parlamentiň aşaky palatasynda ses berlişige gatnaşan 89 deputatyň ählisi hem 49 ýaşly Smailowyň dalaşgärligini goldadylar diýip, Mejlisiň spikeri Nurlan Nigmatulin habar berdi.

Ýatlatsak, ýurduň demirgazyk sebitlerinde närazylykly tolgunyşyklaryň netijesinde 5-nji ýanwarda Askar Maminiň Hökümeti ýatyryldy. Birinji wise-premýer Alihan Smailow premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde bellenildi. Ondan öň, Smailow dürli ýyllarda maliýe ministri we Gazagystanyň Prezidentiniň kömekçisi wezipelerinde işledi.

Ýene degişli makalalar

Liderler Prezident Erdogany Doglan Güni Bilen Gutalaýar
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti gazagystanlylary ýurduň Respublika güni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewe gutlag iberdi
25-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gazagystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak isleýär
Gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy