Alihan Smailow Gazagystanyň Täze Premýer-Ministri Boldy

Alihan Smailow Gazagystanyň Täze Premýer-Ministri Boldy

Prezident Kasym Jomart Tokaýew, Gazagystanyň Mejlisinde eden çykyşynda Alihan Smailowy premýer-ministrligine hödürleýändigini aýtdy.

Smailow Mejlisde geçirlen sese goýulşykda ähli syýasy partiýalaryň halk deputatlary tarapyndan “kabul” sesini alyp ýurduň 12-nji hökümetiniň Premýer-ministri boldy.

Ozalky hökümetde Wise-premýer wezipesini ýerine ýetiren 50 ýaşyndaky Smailow, 5-nji ýanwada Premýer-ministri Askar Maminiň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň ýurtda suwklandyrlan gazyň bahasynyň ýokarlandyrylmagy sebäpli başlan protest ýörişlerinden soň wezipesinden çekilipdi we wagtlaýyn hökümetiň başlyklygyny öz üstüne alypdy.

Smailow, sese goýulşykdan soň Premýer-ministr hökmünde eden ilkinji çykyşynda özüne ynam bildiren Prezident Tokaýewe we halk deputatlaryna sagbolsun aýtdy.

Ilkinji nobatda ýurtda makroykdysady durnuklylygy ýola goýjakdygyny we infilýatsiýany aşaklatjakdygyny nygtan Smailiow “Halkyň talaplary kanagatlandyrlar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýada gan dökülen bir ýyl, wezipäniň nesle geçmek nusgasy we bäsleşiksiz saýlawlar
Gazagystanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi
Türkmen paýtagtynda YHG-nyň XV sammiti geçirilýär
ПРЕМЬЕР-МИНИСТР КАЗАХСТАНА ПРИБЫЛ С РАБОЧИМ ВИЗИТОМ В ТУРКМЕНИСТАН
Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan tebigy gaz boýunça ylalaşyk gazandylar
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi