AliExpress türkmenistanly müşderiler üçin rus dilinde hyzmat berýär

AliExpress türkmenistanly müşderiler üçin rus dilinde hyzmat berýär

AliExpress Russia wirtual söwda platformasy rus dilinde müşderileri goldamak hyzmatyny doly ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu maksatnamanyň çäginde kompaniýa aragatnaşyk merkezleriniň ösüşini giňeltmekçi.

Platformanyň aragatnaşyk merkezleri Orýol (Telekontakt kompaniýasy), Iwanowo (Gran kompaniýasy) we Çeboksary (Rostelecom gurluşy) şäherlerinde ýerleşýär. Şeýle hem merkeziň işine Stawropolda (Voxys kompaniýalar topary) başlamak meýilleşdirilýär.

Ähli aragatnaşyk işlerini rus dilinde amala aşyrylmagy üçin kompaniýa müşderileriň islegleri boýunça işleýän hünärmenleriň sanyny 500 adama çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.

Ýöriteleşdirilen merkezler we Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň köpüsiniň ― Belarusuň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Moldowanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleirň ulanyjylarynyň sargytlary bilen işleşýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen diliniň gadymylygy we ösüş taryhy
“Şu gün we her gün manežde...”: türkmen sirk sungatynyň taryhyndan
Saragt Babaýew Magtymguly Pyragynyň äpet heýkelini döreder
Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde uly nobatlar saklanýar
Halklaryň huşasty gorlary nakyllar we atalar sözi: Gassaba ýag gaýgymy ýa-da jam gaýgymy?