Alibaba Jek Manyň tankydy çykyşyndan soň bir ýylda gymmatyny ýitirmek boýunça dünýä lideri boldy

Alibaba Jek Manyň tankydy çykyşyndan soň bir ýylda gymmatyny ýitirmek boýunça dünýä lideri boldy

Alibaba kompaniýasy esaslandyryjysy milliarder Jek Manyň Hytaýyň hökümetini tankytlap, çykyş edeninden bäri bir ýylyň dowamynda 344 mlrd dollar ýitirdi. Bloomberg agentliginiň maglumatlary boýunça, bu dünýäniň ähli kompaniýalarynyň arasynda iň uly pese gaçyş. Manyň çykyşy Pekiniň diňe bir Alibaba däl, eýsem Hytaýyň ähli hususy kärhanalaryna basyşyny güýçlendirdi diýip, secretmag.ru belleýär.

Dünýädäki has arzanlan on kompaniýanyň sekizisi Hytaýyň kompaniýalarydyr. Şeýlelikde, bu antireýtingde ikinji orny 104 mlrd dollar ýitiren gysga wideo hyzmatyny işläp düzüji Kuaishou Technology eýeledi.Onluga ätiýaçlandyryş kompaniýalary Ping An Insurance ($66,1 mlrd arzanlady) bilen China Life Insurance (minus $50,8 mlrd), IT-ägirdi Tencent (minus $65,4 mlrd), gozgalmaýan emläk bazarynda hyzmatlary hödürlemek üçin platforma KE Holdings (minus $50,3 mlrd), EdTech-hyzmaty TAL Education (minus $39,1 mlrd) we RLX kompaniýasy (minus $36,7 mlrd) girdi.

Sanawda wideo aragatnaşyk üçin amerikan serwisi Zoom (minus $63 mlrd) we Ýaponiýanyň Softbank kompaniýasy hem (minus $40,9 mlrd) bar.

2020-nji ýylyň ahyrynda Jek Ma Hytaýyň maliýe ulgamynyň gurluşyny tankytlap çykyş etdi. Muňa jogap edip häkimiýetler Alibaba-nyň golçur kärhanasy Ant Group-yň IPO çykmagyny togtatdylar, şondan soň monopoliýa garşy derňew işine başladylar, onuň netijesi hem rekord derejede jerime we işewürlik modelini gaýtadan gurmak talaby boldy.

Manyň çykyşyndan öň Alibaba-nyň paýnamalary iň ýokary derejededi. 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabry boýunça, biržada bir paýnamanyň bahasy 23 dollara golaý boldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň has ösen innowasion banklary
Apple Hindistanda zawod gurar
Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
“Google” ulgamynyň işinde näsazlyk döredi
Türkmenistanyň fotohabarçylary halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen fotožurnalistleri halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar