
Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, Şyrnak welaýatynyň Judi dagy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilen operasiýada, guramanyň ok-däri ammary hökmünde ulanylan gowagynyň ýok edilendigini habar berdi.
Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren beýanatynda, howpsuzlyk güýçleriniň Şyrnak welaýatynyň Judi dagy sebtinde "Gürz-12" operasiýasyny geçirýändigini mälim etdi.
Ministr Ali Ýerlikaýa, operasiýada terrorçylaryň ok-däri ammary hökmünde ulanylan gowagynyň anyklanandygyny, köp sanda partlaýjy maddanyň, ýaragyň we enjamlaryň ýok edilendigini aýan etdi.
Ali Ýerlikaýa: "Terror guramasynyň logistik maksatly ulanmak we aksiýa geçirmek üçin taýarlan hinleri anyklanyp, ýumruldy. Eziz milletimiziň ýylyň 365 güni, 4 möwsümi, 12 aýy, gije-gündiz diýmän hem şäheriň içinde hem-de obalyk ýerlerde operasiýalar geçirýändigimizi bilmegini isleýärin. Terrora garşy göreşimiz soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli dowam eder. Operasiýany geçiren gahryman Žandarma güýçlerimizi gutlaýaryn" diýip habar berdi.