Ali Hamaneý, Yslamy Jihad Hereketiniň Baş Sekretaryny Kabul Etdi

Ali Hamaneý, Yslamy Jihad Hereketiniň Baş Sekretaryny Kabul Etdi

Eýranyň dini Lideri Aýetullah Ali Hamaneý, Palestina Yslamy Jihad hereketiniň Baş sekretary Ziýad an Nahhale bilen duşuşdy.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Hamaneý paýtagt Tähranda Nahhalenin ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi.

Kabul edilşikde Gazada we Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazada başdan geçirilýän wakalar hakynda durup geçen Hamaneý, “Sionist ulgamyň, ähli harby enjamlar we dünýäniň zalym güýçleriniň goldaw bermeginde zenanlary we çagalary öldürmegi, bu ulgamyň özlerüne garşy durýan güýçlere garşylyk görkezmek we ulary ýeňmek güýjüne eýe bolmandygyny görkezýär” diýdi.

Yslamy Jihad hereketiniň Baş sekretary Ziýad an Nahhale hem ähli kynçylyklara garamazdan Gazanyň halkynyň Palestinaly güýçler bilen birlikde ABŞ-nyň we Ysraýylyň arzuw-hyýalyny puja çykarandygyny nygtap, Hamasyň we Yslamy Jihad hereketiniň başda durmagynda ähli güýçleriň utgaşykly hereket edýändigini belledi.

Eýranyň dini Lideri Aýetullah Ali Hamaneý, sişenbe güni hem Tähranda saparda bolan Hamasyň syýasy lideri İsmail Hanniýe bilen duşuşypdy.

Ýene degişli makalalar

Yslam Galkynyş Banky Türkiýä 6,3 Milliard Dollarlyk Maliýe Serişdesini Berer
5-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Galatasaraý Saud Arabystanynda Fenerbahçe Bilen Bäsleşer
Gazagystan Bilen Saud Arabystanynyň Arasynda Wyza Boýunça Ylalaşyk Gazanyldy