Ali Hamaneý Saýlawçylara Prezident Saýlawynda Ses Bermekleri Üçin Çagyryş Etdi

Ali Hamaneý Saýlawçylara Prezident Saýlawynda Ses Bermekleri Üçin Çagyryş Etdi

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý, saýlawçylara 28-nji iýunda geçiriljek prezident saýlawynda ses bermekleri üçin çagyryş berdi.

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, Ali Hamaneý 3 gün soň geçiriljek prezident saýlawy hakynda beýannama berdi.

“Saýlawa bolan gatnaşygyň bes bolmagynyň ýurduň duşmanlaryny umutlandyrjakdygyny” aýdan Hamaneý, “Saýlawa bolan gatnaşygyň ýokary bolmagy Eýran Yslam Respublikasynyň başynyň dik bolandygyny görkezer” diýdi.

Ýurduň duşmanlarynyň saýlawa bolan gatnaşygyň pes bolmagyndan hyýanatçylykly peýdalanjakdygyna ünsi çeken Hamaneý “Her bir adam ýurduň çar tarapyndaky saýlaw merkezlerine gidip ýatlanman ses bersin” diýip belledi.

Eýranda prezidentiň ygtyýarynyň çäkli bolmagy we Konstitutsiýany goraýjylar geňeşiniň reformaçy dalaşgärläriň birnäçesiniň arzasyny kabul etmändigi sebäpli saýlawa bolan gatnaşyk pes bolýar.

2021-nji ýylyň iýun aýynda geçirlen 13-nji prezident saýlawyna bolan gatnaşyk 48,8 göterime, paýtagt Tähranda bolsa 26 göterime deň bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Germaniýa möhletinden öň saýlawlar geçiriler
Saýlawlarda ýeňiş gazandy
Sesleriň köplügine eýe boldy
Gruziýanyň Prezidenti Parlament saýlawynyň netijesini kabul etmejekdigini beýan etdi
Özbegistanda Parlament saýlawlary geçdi
Astronawtlar nädip ses berýär
ABŞ-da saýlaw: näme üçin sişenbe güni geçirilýär?