Alen Delon aradan çykdy

Alen Delon aradan çykdy

Fransuz aktýory Alen Delon 88 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada AFP habarlar gullugy rowaýaty artistiň çagalarynyň habaryna salgylanyp, habar berdi.

Alan-Fabýen, Anyşka, Entoni, şeýle hem köpegi Lubo uly hasrat bilen öz kakalarynyň aradan çykandygyny habar berýärler. Ol özüniň Duşidäki öýünde, üç çagasynyň hem-de maşgalasynyň arasynda rahat gözüni ýumdy diýlip, habarda aýdylýar.

Alen Delon dünýäde iň meşhur fransuzlaryň biridir.Aktýora Rokko we onuň doganlary (1960), Samuraý (1967), Şäherdäki iki adam (1973), Ýagty güneşiň astynda (1960) atly filmler uly meşhurlyk getirdi.1975-nji ýylda Delon Zorro diýen filmde baş keşbi döretdi, film öňki Sowet Soýuzynda iň köp tomaşa edilýän filmleriň biri boldy.

Delon şeýle hem 1980-nji ýylda Tähran-43 alty sowet filminde surata düşdi.

Alen Delon Sezar kino baýragynyň, Halkara Berlin kinofestiwalynyň hormat sylagynyň eýesidir. 2019-njy ýylda kinematografiýa sungatyna goşan goşandy üçin oňa Kann kinofestiwalynyň Altyn palma şahasy baýragyny gowşurdylar.

Delon diňe bir aktýor däl, eýsem, prodýuser we kino işewüridi. Ol hususy kinostudiýasyny döretdi we öz adyna atyrlaryň önümçiligini ýola goýdy.

Soňky ýyllar Delon saglygynyň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda, köpçülikde seýrek göründi.

2017-nji ýylda Alen Delon kinodaky işini tamamlaýandygyny yglan etdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Alen Delonyň öýünde köp sanda ýarag ele salyndy
Esger filmi prokata üstünlikli başlady
Beýik sazlaýjy 3 prokata ýaramaz başlady
Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Robert de Niro 80 ýaşyny kärdeşleri bilen belledi