Alen Berse kasam kabul etdi

1-nji ýanwarda Şweýsariýanyň Sosial-demokratik partiýasyna wekilçilik edýän içeri işler ministri Alen Berse ýurduň Prezidenti hökmünde wezipesine girişdi.Ol 2023-nji ýylyň dowamynda ministr wezipesi bilen birlikde Prezident ygtyýarlyklaryny hem ýerine ýetirer.

Prezident saýlawlary 2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda parlamentiň iki palatasynyň bilelikdäki maslahatynda geçirildi.Alen Berse daşary işler ministri Inýasio Kassisanyň ýerine Prezident boldy.

Berset 1972-nji ýylyň 9-njy aprelinde Şweýsariýanyň günbataryndaky Fribur kantonynda dünýä indi.Onuň ykdysadyýet boýunça doktorlyk derejesi bar.Berse 2012-nji ýyldan bäri içeri işler ministrligine ýolbaşçylyk edip, bu ministrlik, esasan, sosial üpjünçilik, saglyk we medeniýet pudaklaryna jogap berýär.

Mundan öň, 2018-nji ýylyň dowamynda Prezident bolup işlän Berseniň bu wezipä täzeden saýlanmagy onuň syýasy terjimehalynda ikinji gezek gaýtalanýar. Ýurtda hereket edýäm kanuna görä, Prezident bir ýyldan köp işlemeýär.

Mundan başga-da, Şweýsariýanyň raýatlygy bolmaly we Kabinetde araçy hökmünde çykyş etmeli.

Şweýsariýa 2023-nji ýylda özüniň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary hem-de BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bilen hyzmatdaşlyklary ileri tutýar. Çünki, ýurt 2023-2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine hemişelik däl agza hökmünde saýlandy.

Şweýsariýada Prezidentiň wezipesi ýedi ministrden ybarat bolan Federal geňeşiň agzalary tarapyndan gezekli-gezegine çalşylýar. 7-nji dekabrda geçirilen saýlawlaryň netijesi hökümetdäki iň uly dört partiýanyň ylalaşygy bilen kesgitlenildi. Şweýsariýanyň Prezident döwlet Baştutany däl: ol diňe Federal geňeşiň erk-ygtyýarlygydyr.

Prezident, sesleriň deňligi bilen hökümetiň maslahatlaryna başlyklyk edip, onuň pikiri aýgytly hasaplanýar. Şeýle hem ol Şweýsariýa sapar edýän daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylaryny kabul edýär.

Ýene degişli makalalar

Şweýsariýanyň parlamenti täze Prezident saýlady
Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Şols saýlawlarda ýeňiş gazanmakçy
Birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
“Erkinlik” partiýasy öňde barýar
Özbegistanda täze ulgam boýunça saýlaw geçiriler