Aleksandr Makedonlynyň hazynasy tapyldy

Aleksandr Makedonlynyň hazynasy tapyldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Arheologiýa edarasynyň işgärleriniň ýurduň Mleýha şäherinde geçiren gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan hazyna hünärmenler tapylgysyz taryhy gymmatlyk diýip baha berdiler. Hazynany biziň eýýamymyzdan öňki II asyra degişli bolan ýüzlerçe kümüş teňňeler düzýär.

“The National News” neşiriniň ýazmagyna görä, 409 sany kümüş teňňeden durýan hazyna Mleýha şäheriniň taryhy ornuna täzeçe baha bermäge esas döreder. Gadymy şaýy pullar agramy dokuz kilogram bolan toýun küýzede ýerleşdirilipdir, bu barada edaranyň baş direktory Sabah Abud Jasim beýanat berdi.

Hünärmenler kümüş pullar ýerli täjirleriň birine degişli bolsa gerek diýip hasaplaýarlar, sebäbi gadymy geçmişde Mleýha şäheri Arap ýarymadasynda gülläp ösen söwda merkezi bolupdyr. Hazynadaky kümüş pullaryň dürli döwürlerde zikkelenenleriniň bolmagy onuň eýesi tarapyndan uzak wagtyň dowamynda toplanandygyna güwä geçýär. Pullaryň arasynda serkerde Aleksandr Makedonlynyň hem-de gadymy grek hudaýy Zewsiň şekilleri ýerleşdirilenleri hem bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Tatarstanyň döwlet Baştutanlary Budapeştde duşuşyk geçirdiler, Türkmenfilm Astrahanda Magtymguly Pyragy barada dokumental filmi üçin sýužet taýýarlar, Türkmenistanly göreşçiler halkara ýaryşynda üç medal gazandylar we beýleki habarlar
Owadan Ülke ýag we ýag önümleriniň täzelenen assortimentini hödürleýär
Hasyl toýy mynasybetli dabaralar we sergi guraldy
“Owadan ülke” täze souslaryň önümçiligine başlady
Şygyrlary kalba ganat, ömre zynat
“Awazada” dynç alyş üçin resminamalar berlip başlandy