Alekper Ahmedow skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyrynyň ýeňijisi

Skaýranning boýunça ýurduň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyry Duşak-Erikdag depesine (2448 metr) ylgaw bilen jemlendi. Ýaryşyň geçýän ugrunda belentlik-peslik 2 müň metre çenli üýtgeýärdi.Dag erezine çykmakda güýjüni synamaga türgenleriň 50-ä golaýy, şol sanda paýtagtyň umumy bilim berýän mekdepleriniň okuwçylary, talyplar, dag syýahatyna höwesekler isleg bildirdiler.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we “Agama” alpinistler klubynyň bassyr iki ýyl bäri gurnaýan ýaryşyna Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarydyr tälimçileri Batyr Amadow, Gözel Ataýewa we Alýona Durowa dagy gatnaşýarlar.

Belentlige ylgap çykmak ýoly üç tapgyra bölündi. 1100, 2000 metrde we dagyň depesinde eminler topary ýoluň näçe wagtda geçilendigini hasaba alýardylar.Iň ýaş türgenler birinji tapgyra gatnasdylar.Eger-de ýoly bellenilen wagtda geçse, onda has tejribeli türgenler indiki tapgyra goýberildi.

Türgenleriň on birisi dag depesine çykmagy başardy.Belentlige ylgamakda Kubok ugrundaky ýaryşlarda ençeme gezek ýeňiş gazanan sport ussady Alekper Ahmedow öňe saýlandy.Ol Duşak depesine 2 sagat 14 minutda ylgap çykdy.

Atageldi Amanow ýeňijiden 14 minut giç pellehana geldi, Arslan Annamämmedow bilen Sergeý Arhipow degişlilikde üçünji we dördünji orna düşdüler. 12 ýaşly Alan Abaýew ýaşlygyna garamazdan 2448 metre 3 sagat 33 minutda galdy.

Zenanlaryň arasynda bu aralygy 2 sagat 54 minutda geçen Anastasiýa Loskarýowa ýeňiş gazandy.Skaýranning-2019 ýaryşynyň üçünji tapgyry güýzde Harlasaň depesine geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda ýeňijiler belli boldy
16.12.2018 | Skaýranning boýunça Türkmenistanyň kuboguny almak ugrunda ýeňijiler belli boldy
Skaýranning boýunça ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyry geçirildi
Hytaýa degişli gämi Ýaponiýanyň suw giňişligine girdi
Hatyra kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri çapdan çykdy
TÜRKMENIŇ ÝÜPEK ÝOLY GAZETINIŇ INTERNET SAÝTY OKYJYLARYŇ HYZMATYNDA