Marynyň Merwiniň AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşy ― Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň Alaý futbol topary özbegistanly hüjümçileriň ikisi bilen düzümini güýçlendirdi.
Janköýeriň habar berşi ýaly, geçen möwsümde Nur-Batkende, şu möwsümiň birinji ýarymynda bolsa Özbegistanyň Zwezda Jizak toparynda çykyş eden 29 ýaşly Nodirbek Ibragimow mundan beýläk Alaýyň üstünlikleri üçin göreşer.
Şeýle hem topar Özbegistanyň Sementçi toparynyň 28 ýaşly hüjümçisi Şohruhbek Muratowy düzümine goşdy.
Merw bilen Alaýyň arasyndaky duşuşyk 15-nji awgustda Türkmenistanda geçiriler. Resmi däl maglumatlara görä, Mary şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumy duşuşygy geçirmäge doly taýýar.