Alaw nagyşly gurbaga tapyldy

Onlarça ýyldan bäri öwrenilýän hem bolsa tebigatda ylym dünýäsine mälim bolmadyk ösümlikdir jandarlar az däl.Her ýylda ummandyr deňizlerden, tokaýdyr dag gerişlerinden täze jandarlar we ösümlikler tapylýar.

Süýrenijileri we ýerde-suwda ýaşaýanlary öwrenmek bilen meşgullanýan German Çaweziň hem-de Alessandro Katenazziniň ýolbaşçylyk edýän topary alawy ýada salýan daşky reňki bolan gurbagany tapdylar. “Scinax pyroinguinis” atly gurbaga Amazonka tokaýyndan tapyldy.

Täsin jandar bu giň tokaýlygyň Peruwdaky tekizliklerinde tapyldy.Alymlar gurbaganyň bu görnüşiniň şunça wagtlap bu ýerde dürli barlaglary geçiren hünärmenleriň gözüne ilmändigine haýran galandyklaryny belleýärler.Bu jandaryň bu töwerekde örän seýrek duş gelýändigi mälim edildi.

Bu barada “Evolutionary Systematics” atly žurnalda makala çap edildi.Alymlar bu gurbaganyň ýaşaýan florasynyň howp astyndadygyna ünsi çekýärler.

Ýene degişli makalalar

Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary
Perudaky buzluklaryň ýaryndan gowragy eredi
Amazonka derýasy
Tohum ekýän robotlar ulanylýar
Amazonkanyň tokaýlarynyň çapylmagy 33 göterim azaldy
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy