Alajagaplaňlar ýurdumyzda seýrek duş gelýän ýyrtyjy haýwanlaryň biri hasaplanýar. Pişikler maşgalasyna degişli bolan bu jandarlaryň bedenleriniň uzynlygy 1,30-1,80 santimetre, guýruklarynyň uzynlygy 1,20 santimetre ýetýär. Alajagaplaňlaryň bedeni süýnmek, çeýe, aýaklary uzyn bolýar. Öň aýaklary berdaşly we ýaýbaň penjeli, sütügi gytyk, gara ýa-da goňurrak halka görnüşli tegmilli agymtyl-çalymtyl reňkli bolýar.
Bu jandarlar, esasan, giň derelerde, seýrek arçalyklarda we pes daglyk ýerlerde, Günorta-günbatar Köpetdagda, Bathyzda, Ýeroýulan duz çöketliginiň çüňklerinde Gyzyljarda we pisseliklerde ýaşap, XX asyryň 80-nji ýyllarynda 130-150 sanysynyň, 1990-njy ýyllarda bolsa 78-90 sanysynyň galandygy anyklandy.
2000-nji ýyllaryň başynda durnuklaşýan ýagdaýy anyklanyp, soňky ýyllarda Merkezi we Gündogar Köýtendagda 30-dan gowragynyň, Bathyz döwlet goraghanasynda 16-synyň bardygy hasaba alyndy. Şeýle hem bu jandarlar Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Etrek ýaýlalarynda gabat gelýär. Bu jandarlar, esasan, ýabany toýnaklylar we oklukirpi bilen iýmitlenýärler.
Alajagaplaňlar ýurdumyzdan başga-da Özbegistan, Täjigistan, Ermenistan, Azerbaýjan, Gruziýa, Russiýa, Eýran we Owganystan ýaly ýurtlaryň çäklerinde hem duş gelýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 1985-1999-njy ýyllardaky sanawyna alnan bu jandarlaryň berk goralmagy, sanynyň artdyrylmagy, hasaba alynmagy boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Begenç Hemraýew,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy.