“Aladdin we jadyly çyra” — A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň täze sahna eseri

“Aladdin we jadyly çyra” — A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň täze sahna eseri

Mihail Neprýahiniň pýesasynyň esasynda sahnalaşdyrylan “Aladdin we jadyly çyra” atly täze sahna oýny ýakyn wagtda A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň repertuarynyň üstüni ýetirer. Häzirki wagtda teatryň artistleri režissýor B.Garajaýew we goýujy-hudožnikler Ş.Şyhdurdyýew we Ş.Mämmedowa bilen bilelikde meşhur “Müň bir gije” atly arap ertekisi esasynda sahna eseriniň üstünde işleýärler.

Şazada Aladdin bilen şa gyzy Jasminiň täsin söýgi hekaýaty uly ýaşlylar, şol sanda çagalar üçin hem düşnükli wakalardan durýar. Bu eseriň gülküli, mekirlikli we jadyly ýerleri bar. Erteki ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Sahna eseri M.Pursýanowanyň we K.Ataýewiň tans ýolbaşçylygynda gündogar tanslary bilen bezeler. Onuň sazyny bolsa B.Kakaýew we D.Wybornow dagy taýýarlady.

Gündogaryň äheňini aýdyňlaşdyrmak we açyp görkezmek üçin geýim bezegçileri gahrymanlara niýetläp ajaýyp egin eşikleri we reňkli başgaplary döretdiler.

Eserde baş rollary aktýorlar A.Jumaýewa, K.Ataýew, S.Lawin, W.Dmitriýew, R.Nurumow, M.Nurmuhammedow, M.Rogow, R.Hommadow we başgalar ýerine ýetirer.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň esaslandyrylanyna şu ýyl 95 ýyl dolýar. Bu Türkmenistandaky ilkinji teatrlaryň biridir. Ol açylanyndan bäri (Aşgabat, 1926 ý.) türkmenleriň medeni durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi we şu güne çenli öz işinde milli we dünýä sungatynyň iň ajaýyp däplerini birleşdirip gelýär.

Ýene degişli makalalar

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Möjekler we goýunlar atly täze oýun sahnalaşdyryldy
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Möjekler we goýunlar atly täze oýun sahnalaşdyryldy
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal