Türkmen häkimiýetleri paýtagt Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň keşbini beýan eden Wepaly lakamly alabaý itiniň ýadygärligini dikmek barada maslahatlaşyp, onuň taýýarlanan taslamalaryna seretdiler.
30-njy oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “türkmenleriň wepaly dosty hem ýoldaşy bolan alabaýy şekillendirýän desganyň taslamasyna degip geçip, öz arassalygyny hem-de gadymy tohum görnüşini saklap galan itleriň bu täsin neslini halkyň milli gymmatlygy diýip, doly ynam bilen aýdyp bolar” diýdi.
Şeýle-de, ol alabaý “Aşgabat 2017” oýunlarynyň şekili hökmünde ýöne ýerden saýlanyp alynmady diýip, hödürlenen ýadygärlik binasynyň taslamasynyň üstünde ýene-de işlemegi tabşyrdy.
Azatlyk Radiosy bu barada häzir Çehiýada ýaşaýan türkmen atşynasy Geldi Kärizow bilen söhbetdeş boldy. Ol Aşgabatda alabaý itiniň ýadygärliginiň dikilmegi we muňa bolan garaýyşlary barada gürrüň berdi.
Alabaýyň ýadygärligini dikmezden öň, onuň arassa tohumyny gorap saklamaly
Embed code
Copy and paste the embed code below.
The code has been copied to your clipboard.
https://www.azathabar.com/a/28826419.html
0:04:22
▶
0:00:00
/0:04:22
▶
Ýükle
64 kbps | MP3
Pop-out player