“Al-Sadd” bilen “Suwon Samsung” bir ädim öňde

AFK Çempionlar ligasynda çärýek finalyň 1-nji oýunlary oýnaldy.Katar bilen Eýranyň klublarynyň arasyndaky 2 duşuşykda-da katarlylar ýeňiş gazandy. “Al-Sadd” myhmançylykda “Esteglaldan” 31 hasabynda üstün çykdy (Barşam 12 ö.d. — Afif 60, Bunedjah 65, 74 p). “Al-Duhail” topary-da öz meýdançasynda “Persepolisi” Ali Abdullanyň 15-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 10 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýaponiýanyň “Kaşima Antlers” topary-da Hytaýyň “Týanszin Sýuanszýan” klubuny braziliýaly oýunçylary Leo Silwa (60) hem-de Serjinionyň (72) gollary bilen 20 hasabynda ýeňdi.

Iki koreý kluby “Çeonbuk Hýundai Motors” bilen “Suwon Samsung Bluwingsiň” arasyndaky oýunda-da myhmanlar 30 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýarym finalyň bosagasyndan ilkinji ädimini ätdi.Gollary soňky 15 minutda geçiren “Suwonyň” adyndan Damýanowiç (75, 82) bilen Han Eui-kwon (85) tapawutlandy.

Jogap duşuşyklary 171819-njy sentýabrda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
“Al-Sadd” bilen “Suwon Samsung” bir ädim öňde
Ikisi-de ilkinji gezek finalda
Aziýada “Kaşima”, Afrikada “Esperans”
“Altyn asyr” bilen “Dordoý” iň köp oýunçy iberen klublar
Çärýek finalyň birinji oýunlary