
Futbol boýunça dünýäniň klublaýyn çempionatynyň birinji tapgyrynda BAE-niň Al-Jazira topary Fransuz Polineziýasynyň Piraetoparyny 4:1 hasabynda ýeňdi.
Şeýlelikde, BAE-niň çempiony ýaryşyň çärýek finalyna çykmaga hukuk gazandy. Toparyň çärýek finaldaky garşydaşy AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, Saud Arabystanynyň Al-Hilal topary bolar.
Duşuşyk 6-njy fewralda Abu-Dabi şäherindäki Mohamed bin Zaýed stasionynda oýnalar. Onuň Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21:30-da başlanmagyna garaşylýar.
18-nji gezek geçirilýän ýaryş 12-nji fewralda tamamlanar. Oňa Çelsi, Palmeýras, Al-Ahli, Monterreý toparlarynyň hem gatnaşýandygyny ýatladýarys.
Dünýäniň klublaýyn çempionatynyň soňky ýeňijisi nemesleriň Bawariýasydyr.