“Al-Ittihad” bir ädim öňde

AFK Çempionlar ligasynda ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary oýnaldy.Ispaniýaly Hawiniň tälim berýän “Al Sadd” (Katar) topary öz meýdançasynda “Al-Ittihaddan” (Saud Arabystany) 41 asgyn geldi. 14-nji minutda Bafetimbi Gomisiň öz derwezesine geçiren goly bilen öňe saýlanan “Al-Sadd” toparynyň goragçysy Abdelkarim Hassanyň 35-nji minutda gyzyl kart almagy duşuşygyň ykbalyny üýtgetdi. 33-nji minutda hasaby deňlän Gomis 60-njy minutda ýene bir gol geçirdi.

Razwan Luçeskunyň tälim berýän toparynyň beýleki 2 goluny 45-nji minutda Ali Albulaýhi, 67-nji minutda-da Al-Şalgob derwezä girizdi.Beýleki ýarym finalda-da Ýaponiýanyň “Urawa Red Daýmonds” topary Hytaýyň “Guangžou Ewergrand” toparyny Fabrisio (19) hem-de Sekineniň (75) gollary bilen 20 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalyň jogap oýunlary 22-nji we 23-nji oktýabrda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

4 gol ýeterlik bolmady
Aziýanyň läheňi “Al-Hilal”
Çärýek finalyň birinji oýunlary
Hawi hem-de Kannawaronyň toparlary ýaryşy dowam edýär
Mane şikesli bolsa-da, Katara çagyryldy Senegalyň düzümi belli boldy
Transfer täzelikleri