“Al-Hilal” “Çelsiniň” ýene bir ýyldyzyny transfer etdi

Saud Arabystanynyň çempiony “Al-Hilal ýene bir ýyldyz oýunçy bilen düzümini güýçlendirdi.Jidda şäheriniň wekili “Çelsiniň” senegally goragçysy Kalidu Kulibalini transfer etdi.Arap kluby 32 ýaşyndaky goragçy üçin iňlis klubuna 20 million ýewro möçberinde töleg tölär.

Kulibali täze kluby bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.Geçen möwsümiň başynda “Çelsä” geçen Kulibali londonlylaryň düzüminde 32 oýunda meýdança çykdy. “Mets”, “Genk” klublarynda oýnan Kulibali 8 möwsüm “Napolide” çykyş edipdi.

Kulibali “Al-Hilal” toparynyň 4-nji transferi bolup, olar ilki Karim Benzemany, soňra N’Golo Kante bilen Ruben Neweşi düzüpdi. Kulibali Kanteden soň “Al-Hilala” geçen 2-nji çelsili futbolçy boldy.

Ýene degişli makalalar

“Al-Hilal” bu gezek portugaliýaly oýunçyny transfer etdi
Milinkowiç-Sawiç hem Saud Arabystanynda
Ronaldunyň, Benzemanyň ýa-da Neýmaryň Türkmenistana gelmegi mümkin
Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen BAE bardy, Türkmengaz Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy bilen Ähtnama baglaşdy, Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri açyldy, Atagulyýew Senagat PTB-niň täze başlygy wezipesine bellenildi we beýleki habarlar
Real Klublaryň arasyndaky dünýä çempiony bolup, kuboklarynyň sanyny 100-e ýetirdi
Türkmenistanda otlularyň hereketiniň täze meýilnamasy hödürlendi, aprel aýynda ýurtda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi geçiriler, SpaceX-iň we Alibaba-nyň wekiliýetleri Aşgabada gelerler we beýleki habarlar