
Kuweýtli referi Abdulla Jamali AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndan 2-nji aýlawyndan orun alan Al-Aýn — Ahal oýnuna eminlik eder. Bu barada globalsportsarchive.com. saýty habar berdi
Oýunda kuweýtli emine ildeşleri, gapdal eminleri Ali Jrak we Abdulhadi Manea ýardam eder. VAR-daky eminiň wezipesini hem kuweýtli Ahmad Al Ali ýerine ýetirer. Oýnuň dördünji emini singapurly Ahmad A’Kaşa bolar.
3-nji oktýabrda BAE-niň Al-Aýn şäherinde geçirijlek Al-Aýn — Ahal oýny Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.