Akylly sagatlar: artykmaçlykmy ýa-da howpmy?

Akylly sagatlar: artykmaçlykmy ýa-da howpmy?

Ulanylýan ýerleri gün saýyn artýan akylly sagatlaryň ünsleri özüne çekiji iň uly aýratynlygy saglyk bilen bagly berýän maglumatlarydyr. Emma şol maglumatlaryň takyklygy we maglumatlaryň düzgün bozulma töwekgelçilikleri jedelleşiklidir.

Öýjükli telefonlardan soň iň çalt döwrebaplaşan enjamlarymyz sagatlar boldy. Sagat we minut görkezgiçleriň ýerine sanly belgiler geçdi. Ykjam telefonlarymyz sagatlarymyz bilen birikdirildi we olaryň üsti bilen hatlarymyzy okamaga, maillerimizi görmäge başladyk.

Indi bolsa akylly sagatlar ganyň düzümindäki kislorody ölçäp bilýär, EKG ölçäp bilýär, dem alyşy ölçeýär, hat-da hatda gündelik içmeli suwumyzy hem aýdýar.

“Enjamlaryň nähili derejede peýdalydygy barada ýeterlik derejede maglumat ýok”

Şol enjamlar tarapyndan alynýan maglumatlar uly bir mümkinçilige eýe, emma ylmy derňewler şol enjamlardan alynan maglumatlaryň 100 göterim dogry däldigini görkezýär. Şonuň bilen baglylykda akylly sagatlar esasan hem uzak wagtlap gözegçilik astynda saklanmaly bolan keselli adamlara peýda getirendigini aýdyp bolar.

Akylly sagat ulanmak saglygyňa zyýanlymy?

Akylly sagat ulanylyşynda iň köp alada döredýän ugurlaryň biri hem saglygyňa otrisatel täsiri.

Mesele bilen bagly geçirilen ylmy derňewler akylly sagatlaryň öýjükli telefonlar arkaly geçirýän söhbetdeşligimizi ýola goýan tehnologiýalara garanyňda has tapawutly usullaryň ulanylmagy sebäpli çynlakaý meselelere sebäp döretmeýär.

Akylly sagatlardaky maglumatlaryň howp astyna girmek ähtimallygy

Ädýän ädimlerimizi, her gün ýöreýän ýollarymyz ýaly saglygy goraýyş bilen bagly ähli statistikalar, beýleki maglumatlar ýaly howp astyna girmek ähtimallygy bar. Akylly sagatlaryň aglabasynda howpsuzlyk goragy bolsada, hakerler mobil torlara baglanan enjamlary döwüp açyp bilýär. Enjamyňyz mobil töleglere açyk bolsa ýa-da öýüňizdäki we ulagyňyzdaky beýleki enjamlara gözegçilik edip bilýän bolsa, onda şol howp has hem artýar.

Saglygy goraýyş bilen bagly maglumatlar beýleki maglumatlar bilen birleşdirilip biliner

Saglygy goraýyş bilen bagly maglumatlaryň üýşürilmegi bir adamyň ýerleşýän ýeriniň kesgitlenmeginden başlap, el hereketleriniň bellige alynyp, parollarynyň ele salynmagy ýaly bolmagy ähtimal howplary özünde jemleýär.

Saglygy goraýyş bilen bagly maglumatlaryň esasynda ozaldan bilinýän bular ýaly görnüşli işler ýok, emma şol maglumatlaryň beýleki maglumatlar bilen birleşdirilmegi netijesinde has düşündirişli ýagdaýa gelip biljekdigi aýdylýar.

Gözegçilik nädip üpjün edilip biliner?

Ilki bilen edil telefonlarymyzda bolşy ýaly, akylly sagatlarymyzda hem hasaplara we geografiki ýerleşişimize elýeterlilik talaplaryna rugsat bermeli däldiris.

Enjamlaryň parollarynyň üýtgedilmegi we gulp ekranynyň ýola goýulmagy hem howpsuzlygyňyzy artdyryp biler. Soňky mesele bolsa howply bolan goşmaça gollanmalardan uzak durmagyň peýdasy bar.

Akylly sagat ulanýan ýa-da ulanmagy meýilleşdirýän ulanyjylara maslahatlar:

Ilki bilen şol enjamlardan alynan maglumatlar, çürt kesik lukmanlar bilen paýlaşylmaly we bejergi bilen bagly tapgyr şondan soň meýilleşdirilmeli. Ikinji şahsy maglumatlaryň gorag astyna alynmagy örän möhüm. Şol enjamlaryň aglabasynyň şahsy maglumatlary ýygnaýandygyndan habardar bolmalydyrys. Üçünji şol enjamlary saglykly ýaşaýyş durmuşymyzy artdyrmak üçin ulanyp bileris, bizi höweslendirip biler, ädimlerimiziň sanyny artdyryp biler we has köp sport bilen meşgullanyp bileris.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri, Bilesigelijiniň Bellikleri atly atly gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa Akylly sagatlar: artykmaçlykmy ýa-da howpmy? Atly temanyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

ÝUNESKO-dan çagyryş: Öýjükli telefonlar mekdeplerde gadagan edilmeli
Energiýa Ammarlamada Täze Tehnologiýalar
16.11.2017 | Türkmenistan telekommunikasiýalar ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge girişýär
Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyry birnäçe iri taslamalary özünde jemleýär
01.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy
“MTS-Türkmenistan” emlägini satmagy dowam etdirýär