Golaýda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäheriniň günortasynda Future Living Berlin atly köp gatly ýaşaýyş jaý toplumy açylyp ulanylmaga berildi.Bu toplum häzirki zaman sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden alynýan elektrik energiýasy bilen üpjün edilendir.
Bu taslama GSW Sigmaringen german kompaniýasy tarapyndan Panasonic-iň dürli tehnologiýalary ulanylyp amala aşyryldy.GSW Sigmaringen kompaniýasy gurluşyk, gozgalmaýan emläk pudagynda işläp, maýa goýujy hökmünde çykyş edýär.Future Living Berlin taslamasy Panasonic kompaniýasynyň Ýaponiýa, ABŞ we Hytaý ýaly ýurtlardaky akylly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň üstüni doldurdy.
Future Living Berlin taslamasy howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini has-da azaltmak maksady bilen amala aşyryldy. Bu şäherçe öz energiýa zerurlyklarynyň 90%-ini özbaşdak üpjün edýär. Munuň üçin Panasonic-iň enjamlarynyň dürli görnüşleri ulanylýar. Şeýle hem, şäherçäniň ähli binalarynyň ösen IoT tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandygy habar berilýär.
Panasonic-iň akylly telewizorlarydyr kommunikatorlary akylly öýi dolandyrmak hem-de möhüm wakalar barada habar bermek wezipesini berjaý edýärler. Mysal üçin, bu tehnologiýalar kimdir biri gelende ýa-da ýangynda, golaýlap gelýän apy-tupan we beýleki ýagdaýlar hakynda habar berip durýar. Habarlar ekran arkaly görkezilip, ýaşaýjylaryň dykgatyna ýetirilýär.
Bu taslama köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän fotoelektrik panelleri we batareýalary ösdürmek hem-de daşky gurşaw tehnologiýasy babatdaky köp ýyllyk tejribämizi birleşdirdi.Future Living Berlin-iň gurluşygy bäş ýyllap dowam etdi.
Häzirki wagtda toplumdaky 90 sany akylly öýüň 60-sy ulanylýar. Şu günki günde Skandinawiýa ýurtlary Panasonic kompaniýasy üçin iň uly bazarlaryň birine öwrüldi.Howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini azaltmak maksady bilen bu ýurtlaryň hökümetleriniň goýberýän maliýe serişdeleri muňa şaýatlyk edýär diýip, dolandyryjy geňeşiň başlygy we Panasonic Europe kompaniýasynyň ýolbaşçysy Juniçi Suzuki aýtdy.