“Akylly” öý tehnologiýalary ösdüriler

Soňky ýyllarda awtomatlaşdyrylan öý hojalyk tehnikalarynyň sany barha artýar.Adamlaryň gündelik işini ýeňilleşdirýän bu tehnologiýalar has kämilleşdirilýär.Bu ugurda öňdebaryjy kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem artdyrylýar.

Mobil enjamlar bilen bir hatarda dürli pudaklarda iş alyp barýan “Samsung” bilen “Google” biri-biri bilen sazlaşykly işleýän enjamlary öndürer. “Samsung Galaxy” smartfonlary hem-de planşetleri bilen “akylly” öý enjamlarynyň ülňüsi bolan “Matter” arkaly dürli işlerini aňsatlyk bilen ýerine ýetirip bolar.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Samsung” enjamlary “SmartThings” platformasyna-da, “Google Home” ekoulgamyna hem birigip biler. Şeýlelikde, “Android” ulgamyndaky “SmartThings” programmasy bilen “Google Home” programmalary biri-birlerine biriger.Bu bolsa, öý enjamlaryny telefonlaryň ýa-da kompýuterleriň üsti bilen uzakdan has aňsat dolandyrmaga mümkinçilik döreder.

Uzakdan dolandyrylýan “akylly” öý enjamlaryna sowadyjylar, serginledijiler, howurpeçler, otaglaryň ýyladyş we sowadyş ulgamlary ýaly öý hojalyk tehnikalarynyň birnäçesi degişli bolup, bular ýaşaýjylar üçin uly ýeňillik döredýär.

Amannazar AMANNAZAROW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Bosch kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory hojalyk tehnikalaryny amatly bahalardan hödürleýär
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar
Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Hermitage Home Interiors şowrumy Londonart haryt nyşanly ajaýyp oboýlary tanyş edýär
Amir Abdullahýanyň 36-njy Yslam Agzybirligi konferensiýasynyň myhmanlary bilen duşuşygy
Ynkylabyň ýokary lideri: kimdir biri Yslam respublikasynyň berk agajyny ýykmagy galat edip ýadyna alar