“Akylly” duralgalar guruldy

Türkiýäniň kenarýaka Izmir şäherindäki duralgalara täze “akylly” ulgam ornaşdyryldy.Häzirlikçe diňe 5 duralgada ornaşdyrylan ulgamda duralga haýsy ugurdaky awtobusyň näçe wagtdan geljekdigi görkezilýär. Ýakyn geljekde bu ulgamyň şäheriň ähli duralgalaryna ornaşdyryljakdygy habar berildi. Şäheriň ýerli häkimiýeti jemgyýetçilik ulaglaryny sanlylaşdyrmagyň çäklerinde “akylly” duralgalardan başga taslamalary hem taýýarlapdyrlar. Ýakyn geljekde ýolagçylaryň el telefonlary arkaly haýsy awtobusyň nireden we haçan geçýändigini hem anyklap bilerler. Şeýlelikde öýden ýa-da işden çykjak wagtyny jemgyýetçilik ulagynyň gelýän wagtyna görä sazlap bilerler.

Bu bolsa ýolagçylara wagtyny tygşytlamaga ýardam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmen žurnalistleri Izmiriň gözel ýerleri bilen tanyşlyk syýahatyny tamamlaýarlar
Izmirdäki Konak meýdançasy: Şäheriň taryhy ýüregi
Amasra ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi
Izmir Portuna Möwsümiň Ilkinji Kruiz Gämisi Geldi
Türkiýede Ýerli Saýlarlar Geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny