Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine sary bedew bady bilen öňe barýan mähriban Watanymyzda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä derejesinde öwrenilmegine uly badalga berilýär.
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda taryhy-jemgyýetçilik nukdaýnazaryndan nusgawy şahyryň köptaraply ussatlygy, pikirleniş ukyplarynyň kämilligi, maddy we ruhy gymmatlyklaryň milli öwüşginli baý durmuş tejribeleri, täzeçillik başlangyçlary jemlenýär.Akyldar şahyryň döredijilik tematikasynyň giňligi, nepis poeziýasynyň gözelligi, milli we umumadamzat ähmiýetli taryhy hyzmatlary, eserleriniň diliniň halkylygy hem-de çeperçilik mirasynyň täsir edişiniň jadyly dünýäsiniň öwreniliş ýaýrawy barha rowaçlanýar.
Dünýä möçberinde edebi mirasy gymmatly hasap edilýän Magtymguly Pyragynyň pikirleri gysga jümlede beýan edilip çuň, giň manyly çeper sözüň many gurşawlary, durmuş gözýetimleri, akyl başarnyklary we paýhas giňişlikleri bilen türkmen taryhynda täze, baý sahypalaryň açylmagyna badalga berdi.Akyldar şahyr Özbegistanyň Hywa şäherindäki Şirgazy han medresesinde okapdyr.
Hywa şäheri Görogly etrabynyň merkezinden 55 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýär.Gadymy Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Hywa şäherindäki Içan kalanyň düzümine girýän taryhy desgalar 1990-njy ýylda ÝUNESKO-nyň dünýä ähmiýetli ýadygärlikleriniň sanawyna goşuldy.Hywa taryhçylary Munisiniň, Agahiniň bellemegine görä, Şirgazy han Hywa hany Jantöre hanyň ogly bolupdyr. Şirgazy han Hywada 1715-1728-nji ýyllar aralygynda hanlyk edipdir.
Onuň hanlyk eden döwründe gurluşyk işleri, halklaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we medeni ösüşler has-da rowaçlanypdyr. Şöhratly hanyň permany bilen Hywada 1716-1717-nji ýyllarda ylmy we jemgyýetçilik üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen Içan-kala toplumynyň merkezinde Şirgazy han adyndaky medrese bina edilýär.
Meýdany 30 gektara golaý bolan Içan-kalanyň çäginde taryhy desgalaryň 60-a golaýy ýerleşýär. Öz döwründe Merkezi Aziýa yklymynda ululygy boýunça ilkinji iň uly okuw jaýynyň biri hasap edilen Şirgazy han medresesi XIX asyryň ortalaryna çenli halka hyzmat edipdir.
Medresäniň gurluşygynda üç çalşykda birbada 250-ä golaý işçi zähmet çekipdir.Bu ylmy ojagyň ortasynda dörtburç howly bolup, üç gapdaly bir gatly, öň tarapy (fasady) iki gatly edilip gurlupdyr. Öň tarapyndaky jaýyň birinji gatynda sapak geçilýän okuw otaglary, ikinji gatynda talyplar ýaşar ýaly hüjreler ýerleşdirilipdir.Kaşaň, haşamly howlynyň merkezi böleginde howuz ýerleşip, töwereginde dürli görnüşli daragtlar ekilipdir.
Howlynyň töwereginde beýik minara, meşhur şahsyýetleriň aramgähleri we namazhanalar ýerleşýär.Bu meşhur okuw jaýynda Farabynyň, Birunynyň, Abu Aly ibn Sinanyň, Ulugbegiň, Fizulynyň, Nyzamynyň, Nowaýynyň, Sagdynyň, Ferdöwsiniň, Jamynyň, Omar Haýýamyň, Mahmyt Pälwanyň, Lutfynyň, Dehlewiniň, Babyryň, Unsurynyň, Enweriniň, Wepaýynyň, Baýram hanyň eserleri, traktatlary, dünýewi taglymatlary giňden öwredilipdir. Şirgazy han medresesinde, Mansur Hallajyň, Meşrep diwananyň, Rumynyň, Hafyzyň, Ýasawynyň, Attaryň, Rabguzynyň, ibn Arabyň, Harakanynyň, Kubranyň, Hekim atanyň hikmetleri, diwanlary, risalalary, tezkireleri, ýazuw ýadygärlikleri, edebi kyssalary, labyzly okamagyň, dürs ýazuwyň dürli kadalary kämil, baý ylmy-ahlak gözbaşlar hökmünde ilkinjileriň hatarynda okadylypdyr.
Bilim başarnyklaryna we ylmy kämillige bolan teşneligi gandyran bu şöhratly okuw jaýynda Şibliniň, Nagyşbendiniň, Bistamynyň, Emräniň, Hallajyň, Nesiminiň, al-Gazalynyň, Edhemiň, Jüneýit Bagdadynyň, Bakyrganynyň, Garajaoglanyň, Ensarynyň, Hoja Ahraryň, Dürbegiň, sopy Allaýaryň mirasyna degişli bolan köpugurly ýygyndylar, gazallar, kytgalar, mesnewiler, rubagylar we olaryň çeper dünýägaraýyşlary, golýazmalary bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler döredilipdir.
Asyryň iň tanymal wekillerini özünde jemlän Şirgazy han medresesinde arap, hindi, türki, çagataý, pars, ýunan, özbek, azerbaýjan, garagalpak dillerindäki halk döredijiliginiň, yslam hukugynyň, taryhynyň, hasap, şerigat, magryfet, tarykat amallary we geçmiş medeniýetiň esaslary, ýazuwly edebiýatyň we sözleýiş kadalaryň, hal we tasawwufyň (akylyň iň kämil basgançaklary) syrlary, görnükli ýazuwly nusgalary, salgylanma tärleri, ynanç däpleri, terjimeçilik sungatynyň ýörelgeleri, sufizmiň sýužetli ýordumlary, hatdatçylyk sungatynyň nazary, amaly düzgünleri, köşk poeziýasynyň aýratynlyklary giňden tanyşdyrylypdyr. Öz döwründe ylmy döredijilik güýjüň ähli çeşmelerini özünde toplan we medeni durmuşyň sütüni, ojagy hasap edilen Şirgazy han medresesi abraýy we meşhurlygy, bilim derejeleriniň basgançaklaryna kämilligi boýunça we ylmy medeniýetiň mertebeli mekany hökmünde XVIII asyryň birinji ýarymynda, ortalarynda Hyrat, Hemedan, Balh, Samarkant, Bagdat, Buhara, Nişapur, Basra şäherlerinde ýerleşýän okuw jaýlaryndan hem öňe saýlanandygy ylmy edebiýatlarda bellenilýär. Özbek alymy H.
Abdullaýewiň, K.Kurambaýewiň, S.N. Şükürullaýewanyň işlerinde Magtymgulynyň Şirgazy han medresesinde okan döwründe Nury Kazym ibn Bahr, Rownak, Nişaty, Rakim ýaly döwrüniň tanymal alymlary, ylym dünýäsiniň pälwanlary bilen hyzmatdaşlyk saklandygy bellenilip geçilýär.
Bu ýerde talyplaryň ylmy nukdaýnazardan döwrebap çemeleşmeleri üçin bilimleriň 40 ugruna degişli edebiýatlar we gollanmalar bilen üpjün edilipdir.Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, öz döwründe Gaýyby, Zunuby, Şakandy, Magrupy, Misgingylyç, Kemine, Mollanepes, Şeýdaýy, Mätäji, Zelili, Seýdi, Çary Afzal ýaly danalar hem okapdyrlar, zyýarat saparlaryny edipdirler.
Iki doganlyk halkyň medeni hyzmatdaşlygynyň bitewüligini, gadymylygyny, köpöwüşginliligini, durmuş, edebi ykballaryň meňzeş hem-de umumy sahypalaryny, toplanan tejribelerini giňden dabaralandyrýan bu ylmy ojakda soňky 100 ýylda 3 gezek düýpli abatlaýyş işleri geçirilip uzak ýyllardan bäri muzeý, taryhy-medeni arhitektura ýadygärligi hökmünde, toplumyň çeper binagärçilik ansambly, meýdançasy Orta asyrlara degişli bolan çeper, dokumental filmleriň surata düşürilýän amatly toplumy bolup hyzmat edýär.
Bu ýerde türkmen halkynyň medeniýetiniň kino, şekillendiriş, amaly-haşam, taryhy we edebi mirasyna degişli onlarça gymmatly eksponatlary görmek bolýar. Şirgazy han medresesi barada alymlar A.N.Samaýlowiçiň, B.
A.Garryýewiň, M.Annamuhammedowyň, G.P.Snesarýewiň, Ý.S.Ahmetgaliýewanyň, M.Kösäýewiň, R.Rejepowyň, G.Mülliýewiň, S.A.Garryýewiň, A.
Mämmedowyň, R.Mustakowyň ylmy işlerinde gymmatly maglumatlar duş gelýär.Tanymal ýazyjy-şahyrlarymyz A.Gowşudowyň, G.Gurbansähedowyň, T.Taganowyň, G.Kulyýewiň, B.Kerbabaýewiň, B.
Seýtäkowyň, B.Hudaýnazarowyň, A.Haýydowyň, A.Atajanowyň, A.Agabaýewiň şahyrana we proza eserlerinde, kyssalarynda, ýolýazgylarynda Şirgazy han medresesini çeper şöhlelendirýän epizodlara, keşplere duş gelmek bolýar.
Iki gadymy türkmen-özbek halklarynyň joşgunly bilim derýasynyň sahawatly kenarlarynyň, dostluk owazlarynyň, goňşuçylyk derwezeleriniň janly we jadyly gözelliklerini alyslara aşyrýan Şirgazy han medresesine 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda türkmen wekiliýetiniň saparynyň bolmagy hemmämizi buýsandyrdy.
Bagtyýarlygyň dostluk nahallary bu günki gün gadymy Jeýhunyň kenarlarynda jomartlygyň melhem suwlaryndan bereket tapyp, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýürekdeş doganlyga esaslanýan hyzmatdaşlyklar, geçmişden bagtly geljege uzaýan gatnaşyklar has-da pugtalanýar.Akyldar şahyr özüniň 10 bentli Gözel Şirgazy şygrynda bu meşhur okuw jaýynyň mukaddesligini Sende tälim aldy açyldy dilim, Seljerer men indi agy-garany, Aklym gysga erdi, käsäm gaýnady, Ylym-tälim algan seni unutmaz, Dahan içre asal-zyban ezer men, Kämil bolup serenjamlyk kylyp men, Daýym unutmaz men tylla gapysyn ýaly şirin setirler bilen sarpalaýar.
Muny akyldar şahyryň:Mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy,Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.Ötürdim gyşyňy, nowruz-ýazyňy,Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazydiýen setirleri hem tassyklaýar.
Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň şahyrana-çeperçilik däplerini, täzeçillik gözleglerini, pähim ussatlygyny öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň rowaç, janynyň sag, mertebesiniň belent bolmagyny arzuw edýäris.
Dädebaý Pälwanow,Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.