Akyldar şahyryň goşgulary asylly terbiýäniň çeşmesi

Akyldar şahyryň goşgulary  asylly terbiýäniň çeşmesi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 85-nji orta mekdebinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Akyldar şahyryň goşgulary asylly terbiýäniň çeşmesi ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri umumadamzat gymmatlygy bolmak bilen, çuňňur many-mazmuna eýedigi we türkmen edebiýatyna uly goşant goşan akyldar şahyryň edebi döredijiligi diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem häzirki döwrümiziň hem ýaş nesillerine ýol-ýörelge bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de, Akyldar şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan watançylyk, ruhy-ahlak, edep-terbiýe baradaky şygyrlaryndan birnäçesi çeper okaldy.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy
Baýdagymyz başymyzyň täjidir, Kanunymyz kalbymyzyň güýjidir
Gölleriňe älem haýran
Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzilleri
TÜRKMEN HALK ERTEKILERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Dünýäniň onlarça ýurdunda Magtymgula bagyşlanan kitaplar çap edildi