Akwarel suratlary däp-dessurlar barada: ýaşajyk žiwopisçileriň bäsleşigi

... Düýe ýüňünden dokalan saçakda küýze, ullakan tabak we agaç susak, olaryň töwereginde almalardyr limonlar ýaýrap ýatyr ýaşajyk žiwopisçileriň 40-sy gadymy gap-gaçlary we miweleri şekillendiripdirler. Şekillendiriş sungaty muzeýiniň atrium-zaly üç sagatlap çagalar çeperçilik studiýasyna öwrüldi. Bäsleşige gatnaşýanlar şol wagtyň dowamynda akwarelde natýurmort çekmelidi.

Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň guran bäsleşigine paýtagtymyzda ýerleşýän ýörüteleşdirilen mekdepleriň dördüsiniň Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň, 2-nji Çagalar çeperçilik mekdebiniň, şeýle hem 6-njy we 7-nji Çagalar çeperçilik mekdepleriniň hersinden 10 adam gatnaşdy.

Çagalar wagt ýitirmän natýurtmort döretmäge girişdiler ilki galamda geljekki suratyň sudury çekilýär, soňra akwarel bilen kompozisiýa dinamika, reňk, öwüşgin we göwrüm berilýär, özem ony üç sagatda çekip gutarmalydy bäsleşige gatnaşanlaryň öňünde şeýle wezipe goýlupdy, olar üçin wagt çalt geçýärdi. Çagalaryň mugallymlary üçin tolgundyryjy bu wagt gutarmajak ýalydy.

-Men Perhat Aşyrmyradowa uly umyt bildirýärin diýip Bäşim Nuraly adyndaky mekdebiň müdiri Güljemile Amanowa gürrüň berýär. Ol sungatyň mental esaslaryny inçeden duýýan we çeken zadyna ruh berip bilýän doga zehinli žiwopisçi.

-Men-ä Reýhan Atdaýewa ýeňiş gazanar diýýärin: ol akwarel tehnikasyny gowy bilýär - diýip 7-nji Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Myrat Hojanyýazow gürrüňe goşulýar.

6-njy Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gülşirin Hajymyradowa geçen bäsleşikde baýrakly orun alan Kerwen Hanowa umyt baglaýardy.

2-nji Çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiri wezipesine ýaňy-ýakynda girişen Gurbanmuhammet Saryýew çagalardan belli birini agzap oturmady-da, okuwçylarynyň haýsy ýeňse-de begenjekdigini aýtdy.

Mugallymlar bilen bile bäsleşige gatnaşýanlaryň molbertlerine syn edýäris olaryň käbiri suratyny tamamlap barýar, beýlekisi reňk berip başlapdyr. Gyzjagazlaryň biri bolsa entek käse çekmäni, küýzä reňk berip ugrapdyr ol, belki wagtynyň çäklidigini ýatdan çykarandyr, belki-de bu onuň awtorlyk ýörelgesidir... Ýeri gelende, bäsleşikden öň çagalar bilen žiwopis eserlerini çalt çekmek boýunça sapak geçilendigenm aýtmak gerek.

Ine, üç sagadam geçip gitdi. Eminler toparynyň başlygy Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Saparmämmet Meredow natýurmortlara siňňin syn edýär. Garaşylmaýan üýtgeşiklik bolmady-- Bäşim Nuraly adyndaky mekdebiň okuwçysy Perhat Aşyrmyradow ýeňiji diýlip yglan edilýär.

Kerim Nuryýew (Bäşim Nuraly adyndaky mekdepden) bilen Aýsoltan Garagoçewa (6-njy Çagalar çeperçilik mekdebinden) ikinji ýeri paýlaşdylar. Çagalaryň üçüsi bürünç baýraga mynasyp boldular, bäsleşige gatnaşan beýleki ýaşajyk žiwopisçilere höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

-Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Çeperçilik akademiýasynyň guraýan bäsleşiklerine gatnaşmagy çagalaryň göwnüni galkyndyrýar, döredijilik taýdan ösmeklerine itergi berýär we olaryň mümkinçiligini açmaga ýardam edýär. Biz hem okuwçylarymyza şeýle mümkinçilik döredýändigimize begenýäris diýip Güljemile Amanowa söhbetdeşligimizde belledi.

Çagalaryň işleri bilen dost-ýarlary we hossarlary tanyşýarlar, ussat nakgaşlar olara baha berýärler, belliklerini aýdýarlar we degerli maslahat berýärler. Žiwopis sungatynyň ösmegi, onuň stilistika taýdan baýlaşmagy, , täzeliklere höwesek we synaglara hyjuwly özbolly milli žiwopis mekdebiniň iň gowy ýörelgeleriniň dowam etdirilmegi jähtinden ussatlar nesliniň gatnaşyklarynyň ähmiýeti ulydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmen gimnastikaçylary halkara ýaryşda 29 medala eýe boldular
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmen lideri milli itşynaslykda gazanylan üstünlikler üçin hormatly atlary dakdy
Türkmenistanyň Prezidenti itşynaslaryň 10-syna hormatly atlary dakdy